Eozinofil enterokoliti

10 Dekabr 2022
956

Aşgazan-içege ulgamynyň (AIU) eozinofil keselleri seýrek duş gelýän patologiýa bolup, çetki ganyň eozinofiliýasy we iýmit siňdiriş ýolunyň diwarlarynda eozinofil infiltratlaryň döremegi bilen häsiýetlenýär. Bu hadysanyň kliniki alamatlary AIU-nyň zeperlenmeginiň çuňlugyna, ýerleşýän ýerine bagly bolýar we ýürek bulanma, gaýtarma, garynda agyry ýaly alamatlar bilen geçýär. Eozinofiller bilen nemli bardanyň infiltrasiýasy diareýa, malabsorbsiýa sindromy bilen häsiýetlenýär, nemasty we muskul gatlagyň zeperlenmesi doly ýa-da bölekleýin içege geçmezligine getirýär, kesel daşky seroz gatlaga geçende assit ýüze çykýar [1, 2]. Ganyň umumy barlagynda eozinofiliýanyň durnukly saklanmaklygy, morfologiýa barlagynda bolsa iýmit siňdiriş ulgamynyň belli bir böleginiň diwarynda eozinofil infiltrasiýasynyň ýüze çykarylmagy AIU-nyň eozinofiller bilen zeperlenmeginiň anyklaýyş kriteriýalaryny düzýär [3, 4]. Ikilenji eozinofiliýany inkär etmeklik üçin nejasatyň gelmintlere barlagy, ganyň gelmintlere bolan serologiki barlagy we ganda umumy IgE-niň mukdary kesgitlenýär.

Eozinofil enterokolitiň anyklanmagynda gabat gelýän kynçylyklary beýan edýän kliniki mysaly getirýäris [5].

Nazar GARRYÝEW, Olga BONDAR, Maýa BERKELIÝEWA, Maýagözel HALMYRADOWA, Ýazmuhammet ORAZBERDIÝEW
S.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasy
Beýleki habarlar