Goşa mukaddeslik

7 Iýun 2024
930

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi giňden belläp geçmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Milli Liderimiziň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dowam etdirilýän täze taryhy eýýamynda asuda asmanda pasyrdaýan Döwlet baýdagy, rejelenen görnüşde kabul edilen Konstitusiýa halkymyzyň ösüşiniň, rowaçlygynyň hem bagtyýarlygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu ýagdaý türkmen döwletiniň üýtgewsiz ýörelgeleri bolan Garaşsyzlygy we hemişelik Bitaraplygy, parahatçylygy hem agzybirligi, demokratiýany, kanunlaryň ileri tutulmagyny özünde jemleýär hem-de onuň geljekki ösüş ugruny kesgitledi.

Häzirki taryhy döwrümizde eziz Diýarymyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni türkmen halkynyň jebisligini, bitewiligini alamatlandyrýar. Bagtyýar halkymyzyň bu goşa senäni şatlyk-şowhuna besläp, uludan toýlamagy döwlet berkararlygymyzy dabaralandyrýan milli gymmatlyklarymyza goýulýan belent hormat-sarpadan nyşandyr.

Beýleki habarlar