Gara tudananyň we ýapraklarynyň antioksidant işjeňligini hem-de mikroelement düzümini kesgitlemek

5 Awgust 2024
133

Myrat MÄMMEDOW, Swetlana PLESKANOWSKAÝA, Gülbahar ATAÝEWA, Güljahan HANMEDOWA, Irina SÝOMINA
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi,
M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň Ylmy-barlag merkezi, medisina himiýa kafedrasy,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi

Tut agajy (Моrus) ýa-da tudana (Моrасеае) tutlar maşgalasyna degişli bolup, onuň ak (Моrus аlba) we gara (Моrus nigra) görnüşleri Türkmenistanda giňden duş gelýändir. Tuduň ýapraklaryndaky we miwelerindäki biologik işjeň maddalaryň ýokary mukdary olaryň gan emele gelmesini kadalaşdyrmak, alawlama garşy, antibakterial we beýleki häsiýetlerini amala aşyrmak ukybyny şertlendirýär [1]. Mundan uzak bolmadyk wagtda M.alba we M.nigra tudanalaryndan bolan serişdelerde antioksidant, howply täze döremä (HTD) garşy we immunmodulirleýji işjeňliginiň bardygy görkezildi [3, 5]. M.nigranyň gabygyndan alnan lektin adamda wirusa we HTD-e garşy goraga jogap berýän, T we tebigy killerler (NK) limfositleriň proliferasiýasyny hem-de işjeňligini ýokarlandyrýar [6].

Beýleki habarlar