Ösmeýän göwrelilikde patomorfologiki aýratynlyklar

5 Awgust 2024
549

Güljahan HOJAMBERDIÝEWA
M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasy

Ösmeýän göwrelilik (ÖG) häzirki zaman akuşerçiligiň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda göwreliligiň irki möhletlerde anyklanmagy sebäpli, düwünçegiň öz-özünden düşmeleriniň arasynda ösmeýän göwreliligiň ýygylygy 45-88%-e çenli ýokarlandy. ÖG polietiologiki kesel bolmak bilen, onuň ýüze çykmagynyň sebäpleriniň biri hem embriohorial ýetmezçilikdir. Embriohorial ýetmezçiligiň etiologiki faktorlaryna genetiki, endokrin, immunologiki, ýokanç, anatomiki we utgaşan sebäpler degişlidir [1-5]. Göwreliligiň gaýra üzülmeleri, perinatal keselçilik we ölümçilik embriogenez we horionyň morfogenezi bilen baglydyr. Edebiýat maglumatlaryna görä, wagtynda ýüze çykarylmadyk embriohorial ýetmezçiligiň fetoplasentar ýetmezçilige öwrülýän ýagdaýlary hem bellenilýär [1-3]. Göwreliligiň dowamynda fetoplasentar ulgamynyň emele gelmegi düwünçegiň ösmegi üçin adekwat şertleriň döredilmegine ýardam berýär. Göwreliligiň gaýra üzülme bilen geçişi ulgamyň belli bir halkasynyň bozulmagy netijesinde bolup geçýär, bu bolsa düwünçegiň düşmelerine, ösmeýän göwrelilige, düwünçegiň ýagdaýynyň agyrlaşmagyna getirýär we düwünçegiň gipoksiýasyny, ösüşiniň saklanmagyny, bu bozulmalaryň ýüze çykmagyny, utgaşmagyny şertlendirýar. Göwreliligiň geljekki ösüşi angiogeneziň dogry geçmegine bagly bolup durýar. Neoangiogeneziň hadysalary steroidleriň täsirinde bolup geçýär, endometriýada öň bar bolan mikrodamarlardan täze kapillýarlar peýda bolýar, olar ösüp, her aýbaşy halkasynda täze damar toruny emele getirýär. Endometriýanyň waskulýarizasiýasynyň ýetmezçiligi implantasion näsazlyklara, göwreliligi doly götermezlige we önelgesizlige getirip biler [8-11]. Olaryň bir bölegi ÖG-e getirýär, galany bolsa düwünçegiň kadaly ösüşi üçin ýaramaz şertleri döredýär, bu hem ÖG-niň emele gelmegine getirýär. FIGO-nyň XVIII kongressinde her bir ÖG-niň ýagdaýy dowamly endometrit bilen utgaşýar diýip kesgitlenildi. Dowamly endometrit – bu gaýnaglama häsiýetli endometriýanyň morfologiki we funksional bozulmalarynyň utgaşmasydyr. 61,0-73,1% aýallarda ÖG-de gistologiki dowamly endometrit ýüze çykarylýar [6-9].

Beýleki habarlar