Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet

7 Iýun 2024
429

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen kabul edilen we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Ýakynda açylyp ulanmaga berlen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi hem döwletimizde geljegimiz bolan ýaş nesliň sagdynlygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Merkez iki sany aýratyn binadan ybarat bolup, olar eneler we çagalar üçin niýetlenendir. Zenanlara lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen bina çaga dogrulýan, göwrelileriň patologiýasy, ginekologiýa ýaly bölümlerini öz içine alýar. Çagalar binasynda bäbekleriň patologiýasy, kiçi ýaşly çagalar, nefrologiýa, newrologiýa, mekdep ýaşly çagalar, rewmokardiologiýa ýaly bölümleri halka hyzmat edýär. Her binada kabul ediş, anyklaýyş-maslahat beriş, kliniki laboratoriýa, anesteziologiýa-reanimasiýa bölümleri hereket edýär. Olardaky Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Italiýa, Fransiýa, Türkiýe, Russiýa Federasiýasy ýaly döwletlerde öndürilen häzirki zamanyň iň kämil lukmançylyk enjamlary ýokary derejeli bejergi we barlag işlerini geçirmäge ýardam edýär. Öňdebaryjy innowasion enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp durky täzelenen lukmançylyk merkeziniň açylmagy durmuş maksatly döwlet syýasatynyň we saglygy goraýyş maksatnamalarynyň, hususan-da, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýänligi netijesinde mümkin bolýar.

Beýleki habarlar