Bagryň bakterial abssessiniň iriňlän ehinokokk kistadan tapawutlandyrylyşy

7 Iýun 2024
384

Nazar GARRYÝEW, Gylyçdurdy GURBANBERDIÝEW, Serdar MÄMMETÝAZOW
S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezi,
M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň hirurgiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy

Bagryň bakterial abssessleri bilen iriňlän ehinokokk kistalaryň tapawutlandyrylyşynda döreýän kliniki kynçylyklar we ýalňyşlyklaryň ýygylygy bu keselleriň anyklanyş usullarynyň yzygider kämilleşdirilmegini talap edýär [3, 5]. Bagryň ojakly döremelerine degişli bolan bu kesellere mahsus tapawutly kliniki alamatlar bolmaýar diýen ýaly. Keselleri kesgitlemekde giňden ulanylýan ehografiýa we kompýuter tomografiýa (KT) barlaglarda bu patologiki hadysalaryň şekillerinde meňzeşlikler agdyklyk edýänligi sebäpli, näsaglarda gutarnykly kesel kesgitlemesini goýmakda we onuň bilen baglanyşykly bejergisinde ýalňyşlyklaryň goýberilmegi ýygy duş gelýär [4, 6, 8].

Beýleki habarlar