Bitarap Türkmenistan döwletimiziň BMG bilen hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. 1992-nji ýylda BMG-ne agzalyga saýlanandan bäri geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz özüni ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezmegi başardy. Hormatly Arkadagymyz şeýle diýýär: «BMG biziň üçin ählumumy goldawa eýe bolan we resmi taýdan ykrar edilen ýeke-täk guramadyr. Biz bu düzüme ählumumy özara gatnaşyklaryň sütüni, dünýäde parahatçylygy, bähbitleriň deňeçerligini, howpsuzlygy gorap saklamagyň kepili hökmünde garaýarys. Biz häzirki günde, dünýäniň dürli sebitlerinde dartgynlylygyň bolup geçýän ýagdaýlarynda BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklaryň hukuk we ahlak daýanjy bolmagynda galmalydygyna berk ynanýarys». BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistana amala aşyran sapary we onuň çäginde geçirilen ýokary derejeli gepleşikler bolsa milli hem umumy bähbitleri nazarlaýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüler. Duşuşygyň dowamynda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, durnukly ulag we energetika ulgamyny ösdürmek babatda ynsanperwer ugurly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ilatyň durmuş derejesini gowulandyrmak, bilimiň we saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, daşky gurşawy goramak babatda mundan beýläk-de bilelikde iş alyp barmak barada bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Baş sekretar Antoniu Guterrişiň köp ýyllaryň dowamynda BMG-de uly işleri alyp barýandygyna, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek bilen, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygyna ýokary baha berip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik söz ussadynyň hormatyna döredilen Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglady we «Magtymguly» kitabyny sowgat berdi. Baş sekretar Antoniu Guterriş saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň edarasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.