Arkadag şäheri — geljegiň şäheri

5 Awgust 2024
186

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-dabaralary halkymyza şatlyk paýlaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl doldy. «Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän binagärlik eseri bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady taýdan rowaçlygyny, ägirt uly mümkinçiliklerini, halkymyzyň bagtyýar we erkana durmuşyny, ýaş nesillerimiziň nurana geljegini alamatlandyrýar» diýip, hormatly Prezidentimiz belläp geçýär.

Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli goldaw bermeginde gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berlen ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bu günki gün örän ajaýyp keşbe eýe boldy. «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýyny, şonuň ýaly-da, Arkadag şäheriniň wezipelerini amala aşyrmagy bilen baglylykda döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýär. Oňa laýyklykda, Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy berildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda Arkadag şäherinde gurlup ulanmaga berlen bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna Watana wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen, ähli bilimini we tejribesini ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine bagyşlan meşhur şahsyýetleriň atlary dakyldy. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli ünsi we goldawy netijesinde ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher ýaşamak, zähmet çekmek, dynç almak üçin iň amatly şertleri bolan kämil şäherleriň biri boldy. Arkadag şäheri diňe bir sanly we «ýaşyl» tehnologiýalaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň aýdyň mysaly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, BMG-niň ýaşaýyş jaý we durnukly şäher ösüşi boýunça «Habitat — III» maslahatynda tassyklanan «Täze şäher gün tertibi» konsepsiýasynyň hem amala aşyrylmagynyň mysalydyr.

Beýleki habarlar