Parahatçylygyň, watansöýüjiligiň beýany
Milli Liderimiz dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagy, halkara hyzmatdaşlyk, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, şeýle hem parahatçylyk arkaly ösüşiň, ösüş arkaly hem parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berýär, bu babatda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi, iri taslamalaryň amala aşyrylmagy barada taýsyz tagalla edýär, derwaýys başlangyçlary öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda häzirki jemgyýetimiziň esaslanýan ýörelgeleri öz özeninde ruhy asudalygy jemläp, birek-birege ynamly, mähirli, ruhubelent gatnaşyklary dabaralandyrmak, ösdürmek hem dünýä ýaýmak taglymatyndan gözbaş alýar. Adamzat jemgyýetiniň ösüşi, nesilleriň abadançylygy parahat durmuşyň üpjün edilmegi, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmagy bilen aýrylmaz baglydyr. Parahatçylyk ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, agzybirlige sarpa goýmak, birek-birege ýardam bermek biziň milli ýörelgelerimizden gözbaş alýar. Bu taglymatyň gymmatly ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň täze döreden «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Goşguda parahat durmuşda ýaşamagyň gadyr-gymmaty baradaky öwüt-ündewler, her bir adamy asuda durmuşyň gadyryny bilmäge, ýagşy niýetlere ýugrulan belent maksatlara ýetmäge çagyryş bar. Arkadagymyzyň ynanyşmak medeniýetiniň çuň mazmunly ideýala