Enäniň we çaganyň saglygyny goramak Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, saglygy goraýyş ulgamynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde ähli mümkinçilikler döredilýär. Alym, lukman Arkadag Prezidentimiz tarapyndan 2015-nji ýylyň 20-nji iýulynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Eneleriň sagdyn bolmagyny, çagalaryň ruhy we beden taýdan kämil bolmagyny gazanmak merkeziň esasy wezipesi bolup durýar.
Bäbeklerde enäniň saglyk ýagdaýyna, göwreliligiň, dogumyň geçişine baglylykda döreýän, ýygylygy, gaýra üzülmeleri, bejergisiniň çylşyrymlylygy boýunça nekrotiki enterokolit özboluşly agyr ýagdaýdyr [5, 8, 11-13].