Ýürek işemiýa keselli näsaglarda töwekgelçilik şertleri

9 Fewral 2022
2553

Ýürek işemiýa keseliniň (ÝIK) geçişiniň aýratynlyklaryny öwrenmek, öňüni alyş çärelerini, anyklaýyş, bejeriş usullaryny kämilleşdirmek wajyp mesele bolup durýar [1]. Meseläniň wajyplygy keseliň köp duş gelýändigi, onuň uzak dowam edýändigi we agyr kliniki ýüze çykmalary hem-de näsaglarda maýypçylygyň köpelýändigi bilen kesgitlenilýär [2, 3]. Bu mesele Türkmenistanda hem dünýäniň ähli ýurtlarynda bolşy ýaly häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň we amaly lukmançylygyň esasy meseleriniň biri bolup durýar.

Ýürek-damar keselleri (ÝDK) bütin dünýäde ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň 40 ýaşdan ýokary erkek we aýal adamlarynyň maýypçylygynyň we ölümçiliginiň esasy düzüm bölegini tutýar. Şeýle ýagdaýyň Ýewropada hem dowam edýändigini 2005-nji ýylyň sentýabrynda Ýewropa kongresinde hem bellenilip geçildi. Kongresde ÝDK-den aýallaryň ölümçiligininiň erkeklerden öňe geçendigi bellenildi (aýallarda 55%, erkeklerde 43%) [3]. Bu ýagdaý Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda hem şeýle bolmagynda galýar [4, 5].

Muhammet ERGEŞOW, Halmyrat ÇARYÝEW, Bahar ALLABERDIÝEWA
Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana
Beýleki habarlar