«Meniň ähli aladam halkym bolar» diýip, halkymyzyň röwşen geljegi üçin tutumly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyz agzybir halkymyza ajaýyp zamanany peşgeş berdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, milli ykdysadyýetimizde uly öňegidişlikler, belent üstünlikler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiz mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylyna gysgaça baha berip, şeýle diýdi: «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda biz mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläp geçdik. Garaşsyzlyk biziň gazanan beýik üstünliklerimiziň binýadydyr. Geçen 30 ýylyň içinde ýurdumyzda örän köp işler bitirildi, taryhy taýdan şu gysga döwürde biz ägirt uly üstünlikleri gazandyk». Dünýä jemgyýetçiligi mähriban Watanymyzy dünýäde parahatçylygy üpjün etmek ugrunda giň möçberli işleri amala aşyrýan, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan ylalaşdyryjy döwlet hökmünde ykrar etdi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we parahatsöýüjilikli daşary syýasaty netijesinde, Watanymyzyň halkara abraý-mertebesi belent derejelere ýetdi.
Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli durmuş, syýasy we ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirip, dünýäniň ösen ýurduna öwrüldi. Hut şonuň üçin hem syýasy taýdan durnukly, ykdysady we durmuş taýdan ösen demokratik jemgyýetde ýaşaýan köpmilletli agzybir halkymyz uly zähmet üstünliklerini gazanýar.