"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Nyşanlar — taryhy hakydanyň çelgisi

Dünýä akyl ýetirmekde, aňlamakda we bilmekde nyşanlara uly ähmiýet berlipdir. Nyşanlar arkaly adamzat jemgyýetiniň wakalaryny we tebigatyň dürli hadysalaryny kesgitläp bilipdirler. Dünýä halklarynyň ählisinde diýen ýaly nyşanlaryň ol ýa-da beýleki görnüşleri olaryň bütin taryhy döwürlerinde ulanylypdyr. Döwlet nyşanlary hökmünde syýasy, ykdysady gurluşy, jemgyýetçilik durmuşy, şeýle-de adaty ýaşaýyş, haryt önümçiligi bilen bagly aýratynlyklary aňladýan nyşanlar ulanylypdyr. Diýmek, nyşanlar halkyň ýaşaýyş-durmuşynda, medeniýetinde zähmet öndürijiliginde giňden ýaýran ruhy gymmatlyklaryň biridir. Sekizburçluk nyşany abadançylygyň, asudalygyň, şowlulygyň, bitewüligiň we takyklygyň alamaty hasaplanypdyr. Bu nyşan iki dörtburçlygy üst-üste çapraz goýmak arkaly döredilipdir. Onuň bilen köp sanly ynançlar baglanyşdyrylypdyr. Sekizburçluk diňe bir bolçulygyň, berkararlygyň nyşany bolman, eýsem, onuň bela-beterden gözden-dilden goraýandygyna hem ynanylypdyr.

Ak öýlere ýaraşyk...

Ir zamanlar sallançak, esasan, ýüpden bolupdyr. Sallançak çaganyň başy günorta ýa-da günbatara goýlar ýaly ýagdaýda gurlupdyr. Geçmiş taryhymyzda pederlerimiz öýüň dulundan 2,5 — 3 metr aralykda iki sany agaç dikip, ýörite pagta süýüminden ýa-da geçi çöpründen, goýun ýüňünden egrilen ýüpden sallançak ýasapdyrlar. Dikilen agaçlar «ýaba» diýlip atlandyrylyp, esasan, söwüt agajyndan bolupdyr. Iki gat ýüpüň her ujuny bir agaja birikdiripdirler. Sallançak gurmak üçin mährem enelerimiz yhlas siňdirip, ýörite kilim, palas, hatda haly hem dokapdyrlar. Palasy sallançagyň ilki ýüpüne gerip, her ýüpden aralary açylar ýaly, üç garyşdan sähel geçýän sallançak agajyny germäpdirler. Sallançak agajyň agzy ýüpe iler ýaly, her ujuny köwüpdirler. Sallançak palasy gowşap, ýer sürpäp durmaz ýaly, iki tarapyndan berk edip, ýogyn sapakda temen bilen tikip, sallançak agajyna berkidipdirler. Owadan alaja işip, sallançak bagyny dakypdyrlar. Sallançak ýüpüne, sallançak bagyna dürli ýüplerden gotazlar dakyp bezäpdirler. Batly üwrelende çaga ýykylmaz ýaly, sallançagyň ortasyndan ýüp daňypdyrlar. Sallançak gurmak üçin dikilen agaçlara mör-möjek dyrmaşmaz ýaly, her tarapda dikilen agajyň düýbüni ýüň bilen sarapdyrlar. Çaganyň ýüzi ýelpeler ýaly, ýokardan matadan guralan ýelpewajy asypdyrlar. Ýelpewajyň eteginden elýeter ýerde çaga oýnar ýaly düwme, şelpe, monjuk, aşyk we matadan ýasalan gurjak asypdyrlar. Ça

Akgaýma

Alym Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly. Hiç bir zat taý bolmajak mähirli garaýyşly käbämiň keşbinde ýyllaryň möhüri galypdyr. Ondan dünýäniň manysyny okap bolýar» diýip, türkmen milli mirasynyň mynasyp waspyny milli keşdeçilik sungatynda görüp bolýandygyny belläp geçýär. Türkmen milli el işleriniň naýbaşylarynyň biri-de keşdedir. Keşdeler diňe bir öňki döwürleriň medeniýetini, däp-dessurlaryny saklamak bilen çäklenmän, eýsem, ene-mamalarymyzyň we işine ökde hünärmenleriň döredijilik başarnyklary barada hem maglumat berýär.

Beýikligiň badalgasy

Watan — ynsanyň ýüreginden başlanýar. Watansöýüjilik terbiýesi bolsa maşgaladan gözbaş alýar. Sebäbi adamyň ilkinji Watany onuň kemala gelen ojagydyr. «Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz», «Atany söýen, Watany söýer», «Watanyň tüssesi ýat iliň odundan ýagşy» ýaly pähim-paýhasda jemlenen duýgular ata Watana bolan beýik söýginiň beýanydyr. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumynyň 1-nji sentýabrda açylyp ulanmaga berilmegi  beýik ösüşlere beslenýän zamanamyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp wakalaryny çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy. «Berkarar döwlet islärin» diýip arzuwlan Magtymguly Pyragy türkmen ýigitleriniň mertden dörän merdanadygynyň waspyny edipdir:

Synmaz sütün

Dana Pyragy eýýäm üç asyr bäri türkmen halkynyň ruhuny beýgeldip gelýän milli şahyrdyr. Ol halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw edip, nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Onuň geljege gönükdirilen manyly goşgularyndaky çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde beýik Pyragynyň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredildi. Çünki söz ussadynyň parasatly öwüt-ündewleri Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak we gülledip ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Adamlaryň kalbynda hemişelik orun alan, durmuşdaky ýagşy-ýamany ýalňyşsyz kesgitleýän ýolgörkeziji hökmünde hakydalarda ýaşaýan Magtymguly Pyragy türkmen ruhunyň öçmejek çyragydyr. Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň, ýagny tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60 metre, şahyryň «Türkmeniň» goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Şeýle hem medeni-seýilgäh toplumynda innowasion tehnologiýalar ulanylandyr. Mundan başga-da toplumda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň oturdylmagy Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde do

Düýe maly — dünýe maly

Ata-babalarymyzyň gadym wagtlardan bäri «Düýe malym — dünýe malym» diýip belleýşi ýaly, halkymyzyň pirli mallarynyň biri bolan düýäniň durmuşda tutýan orny örän uludyr. Weýisbaba Orta Aziýa halklarynyň arasynda düýäniň piri hasaplanýar. Rowaýatlara görä, Weýisbaba düýäniň ähli syryny bilipdir, adamlara düýedarçylyk bilen meşgullanmagy öwreden belli düýe çopany bolupdyr. Halkymyzyň arwana düýesi Garagumuň jöwzaly yssy şertlerinde arkaýyn ýaşap bilýär. Tomus aýlary Garagumda howanyň gyzgynlygy örän ýokary derejä baranda-da, düýe ýasy dabanynda arkaýyn gezip ýa-da döşündäki, şeýle-de dyzlaryndaky, goluň çykýan ýerlerindäki we butlaryň tirseklerindäki yssa we sowuga çydamly gaty gabarçaklaryň üstünde arkaýyn çöküp oturyp bilýär. Tabak şekilli tegelek dabanlary ürgün çägede düýäni çägä batyrmaýar. Düýeler suwuň gyt ýerinde ownuk mallaryň iýip bilmeýän iri baldakly otlary bilen, gyrymsy agaçlaryň pürleri bilen ýyl boýy oňňut edip bilýärler. Kökleri ýerasty çuňluklardaky ygally gatlaklara ýetip bilýän ýandak bolsa düýäniň iň oňat görýän höregidir.

Ynsan bezegi

Ir döwür bir ýigit bagt bilеn ýüzbе-ýüz bоlmak isläpdir. Näçе оýlanyp, ölçеrsе-dе, bagt bilеn ýüzlеşmеgiň ebеtеýini tapmandyr. Şonuň üçin dana kişidеn maslahat sоramagy makul bilipdir. Paý-pyýada, pikirlеrinе gümra bоlup barşyna, ahyry ol dananyň öýünе ýеtipdir. Dana nirädir bir ýеrе gitmägе şaýlanyp duran ekеn. «Nеsibäm güýçli çykdy. Ugramanka ýеtişäýdim, ýоgsam, gury gеlеnim bоljak ekеni» diýip, ýigit dana bilen söhbetdeş boljagyna begenipdir. Saglyk-amanlyk sоraşansоňlar, dana: «Habaryňy bеr, ýigit!» diýipdir. Onda ýigit: «Dana baba, maňa bagt bilеn ýüzlеşmеgiň ugruny-ýоluny salgy bеräýsеňiz diýip gеlеndirin. Siz il-günе haýyrly maslahat bеrip ýörеn adam, maňa-da bir dеgеrli maslahat bеrsеňiz» diýen. Dana: «Oglum, bu dünýädе gözlеnip tapylyp, ýüzbе-ýüz bоlunýan zatlar köpdür. Bagt wеlin, duýulýandyr!» diýenden soňra: «Maşgalaňyz agzybirmi? Ata-enеňiziň sözünе eýеrýäňizmi? Ýagşy gylyk-häsiýеtе sarpa gоýýarmyň?» diýip sоran. Ýigidiň jоgaby nagt bоlan: «Agzybirlik — uly maşgalamyzyň daýanjy. Ata-enеmiň öwüt-ündеwleri — adalatly ýоly görkеzýän şamçyrag. Ýagşy adam bоlmagyň syrynyň ýagşy gylyk-häsiýеtdеdigine ynanýaryn». Dana: «Onda sеndеn bagtly adam ýоk. Alsaň, bir maslahat bеrjеk. Bagtyň gоragçysynyň özüňdigiňi unutmagyn! Adamyň özi öz bagtyny dörеdijidir. Haýal etmän, öýüňizе dоlan! Saňa оl ýеrdе bagt garaşýar» diýip, ýigit bilеn hоşlaşyp ýоla düşüpdir. Dananyň sözleri maňzyn

Magtymgulynyň goşgularynda terbiýe

Ylym-bilim ulgamyndaky beýik özgertmelerden ruhlanýan ýaşlar sowatlylykda we döredijilik işlerinde ýokary netijeleri gazanýarlar. Ýaşlary dünýä ylmynyň iň täze gazananlary bilen tanyşdyrmakda, olarda täzeçe pikirlenmek endiklerini döretmekde geçirilýän dürli görnüşli bäsleşikleriň netijesi örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary bolsa bu ugurda nusgalyk edebiýatlardyr. Nusgawy edebiýatymyz ynsana, hususan-da, şahsyýet hökmünde kemala gelýän ýaş nesle örän oňat täsir edýär. Durmuşy, watançylyk-gahrymançylyk, öwüt-nesihat, at-bedew, söýgi-tebigat temalary şygryýet dünýäsi Jemşidiň jamyna deňelýän beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Watan, gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, jebislik hakyndaky şygyrlary bolsa onuň döredijiliginde görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy synmaz, özygtyýarly türkmen döwletini, halkyň agzybirligini, jebisligini,  arzuw eden hakyky watançydyr. Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanylýar, ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz dünýä halklarynyň arasynda türkmen edebiýatyny Ýer ýüzüne äşgär eden ussatdyr.

Dün­ýä we Mag­tym­gu­ly

Öz­be­gis­tan­da Şu ýyl dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy giň­den da­ba­ra­lan­dy­ryl­ýan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň tag­ly­ma­ty, gel­je­ge bo­lan ga­ra­ýyş­la­ry di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň däl, eý­sem, tu­tuş adam­za­dyň hem ru­hy is­leg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär. Şo­nuň üçin onuň şa­hy­ra­na mi­ra­sy­nyň äh­mi­ýe­ti mil­li çäk­ler­den çy­kyp, dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di, adam­za­dyň aň-paý­has ha­zy­na­sy­na my­na­syp go­şant bol­dy. Mag­tym­gu­ly di­ňe bir türk­me­niň däl, äh­li tür­ki halk­la­ryň, şol san­da öz­bek hal­ky­nyň hem iň söý­gü­li şa­hyr­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, Öz­be­gis­tan dün­ýä­de Mag­tym­gu­ly­nyň eser­le­ri iň köp çap edil­ýän we okal­ýan ýurt­la­ryň bi­ri hök­mün­de yk­rar edil­ýär. Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň şu ýy­lyň 19-njy few­ra­lyn­da «Be­ýik türk­men şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny giň­den bel­läp geç­mek ha­kyn­da» Ka­ra­ra gol çek­me­gi-de dost­luk­ly döw­let­de be­ýik söz us­sa­dy­na go­ýul­ýan uly hor­ma­tyň aý­dyň ýü­ze çyk­ma­sy bol­dy. Şu gün­ler bol­sa Öz­be­gis­ta­nyň Çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň bi­na­syn­da bu şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li türk­men su­rat­keş­le­ri­niň eser­le­ri­niň ser­gi­si do­wam ed­ýär.

Ýö­ri­te ne­şir­ler­de ýy­lyň şan­ly wa­ka­la­ry

Ýa­kyn­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy (TÜRK­SOÝ) ta­ra­pyn­dan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň goş­gu­lar ýy­gyn­dy­la­ry türk di­lin­de ne­şi­re taý­ýar­la­nyl­dy. Mu­nuň özi me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­nyň hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky gü­wä­si­dir. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän şu ýyl­da ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de we da­şa­ry döw­let­ler­de be­ýik akyl­dar şa­hy­ryň ýu­bi­le­ýi­ne ba­gyş­la­nan çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Ola­ryň esa­sy mak­sa­dy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy­nyň mun­dan beý­läk-de wa­gyz edil­me­gi­ne ýar­dam et­mek­den, bu ugur­da yl­my bar­lag­la­ry çuň­laş­dyr­mak­dan, türk­men nus­ga­wy şa­hy­ry­nyň şa­hy­ra­na-fi­lo­so­fik mi­ra­sy­na hal­ka­ra yl­my-ede­bi jem­gy­ýet­çi­li­giň ün­sü­ni çek­mek­den yba­rat­dyr.

«Oguznamalardan» gaýdýan owazlar

Halkymyzyň aýdym-saz sungatyna gatnaşygy nesilbaşymyz Oguz han, onuň nesil daragty we oguz durmuşy hakynda ýazylan çeper eserler hökmünde dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren «oguznamalaryň» dürli nusgalarynda beýan edilýär. Bu babatda oguznamaçylyk däbiniň taýsyz nusgasy bolan «Gorkut ata» şadessanynda gymmatly maglumatlar bar. Döreýiş taryhy VI-VII asyrlar bilen senelenýän bu meşhur eseriň baş gahrymany türkmenleriň baýat tiresinden bolan Garahoja ogly Gorkutdyr. Gorkut atanyň gopuz saz guralyny ýasandygy hakyndaky maglumatlar 1990-njy ýylda Almatyda neşir edilen «Halk mukamlarynyň sesi» atly kitapda aýdyň beýan edilýär. Onda şeýle diýilýär: «Rowaýatlara görä, Gorkut ata ilkinji gopuzy ýasapdyr we onda ilkinji sazy ýerine ýetiripdir. Ol jahana beýik we ajaýyp täsinligi — sazy sowgat beripdir. Gorkut atanyň gopuzy saz eçilende, tebigat aňk bolupdyr. Syrderýa akymyny haýalladypdyr, şemal togtapdyr, guşlar we jandarlar dymypdyrlar, adamlar edip oturan işlerini goýupdyrlar, hatda ölüm hem sazyň täsirine düşüpdir, saklanypdyr, Gorkut ata ýakynlaşyp bilmändir».

Ak öýleriň ýaraşygy sallançak

Sallançak öýüň abadançylygynyň, maşgalanyň bitewüliginiň alamatydyr. Ol halkymyzyň iň arzyly, mukaddes hasaplaýan närseleriniň biri. Şonuň üçin hem gadym döwürlerden bäri halkymyzda sallançak öýüň töründe gurlupdyr. Ir döwürde sallançak ak öýüň tärimlerine ýa-da ýörite dikilen agaja baglanan ala ýüpüň daşyna kilim oralyp taýýarlanylar eken.

Kazynyň çözgüdi

(Rowaýat) Aýböwür ýaýlasynyň daşyna ýarym aýlaw berip oturan Üstýurt gyrynyň eteginde Kazy baba ady bilen gadymy ýadygärlik hem-de gonamçylyk ýerleşýär. Bu ýadygärlik Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda ady agzalýan gadymy Wezir galasynyň galyndysy bolmak bilen, Döwkesen hem-de Şamahy ýadygärlikler toplumy bilen bir ulgama birleşýär. Gürrüňi edilýän ýerde Kazy babanyň mazary bar. Aýdyşlaryna görä, ol örän adalatly kazy bolupdyr. Şol adalatlylygy üçin hem keramata ýetişipdir. Kazy babanyň her hili dawalardan inçelik bilen baş alyp çykyp, adalatly çözgüdi tapýandygy dogrusynda köp sanly rowaýatlar aýdylýar. Şolaryň birinde şeýle diýilýär:

Basgan

Şöhratly taryhymyza ser salanymyzda, halkymyzyň has irki döwürlerden bäri ekerançylyk bilen meşgullanyp gelendigi barada baý maglumatlara gabat gelmek bolýar. Şol döwürlerde daýhançylykda giňden ulanylan pil, kätmen, orak, aňňal ýaly iş gurallary ýörite demirçi ussalaryň ussahanalarynda ýasalypdyr. Demirçi ussalaryň pirli senedi nesilden-nesle geçirilip, dowam etdirilipdir. Geçen asyryň ortalaryna çenli türkmen obalarynda demirçilik ussahanalary öz hyzmatlaryny ile hödürläpdirler. Zähmet gurallaryny, öý hojalygyna zerur enjamlary ýasamak üçin demirçi ussalar ýörite demir eredilýän körüklerden peýdalanypdyrlar. Körükdäki kömrüň, sazagyň közüni köredip, howruny güýçlendirmek üçin «basgan» diýlip atlandyrylýan guraly ulanypdyrlar. Ol daşyndan kebelegiň ganatlaryna çalym edýär. Köplenç, olaryň bir ganatly we iki ganatly görnüşleri duş gelýär. Görogly etrabynyň Hüdük Myradow adyndaky geňeşligindäki taryh muzeýinde gadym döwürlerde ulanylan körügiň iki ganatly basgany saklanyp galypdyr. Ol ak söwütden ýasalyp, ganat, dik agaç, meşik, tutawaç, ýaýjyklar, howa çeker, gapak, aýak, goşa tokurtga, iki sany uly nurbat, ganatlary birikdirýän iki sany kiçi nurbat ýaly böleklerden ybaratdyr. Taryh muzeýiniň hünärmeni Çaryýar Geldimedowyň gürrüň bermegine görä, bu gadymy enjam şol geňeşligiň çäginde ýaşap geçen, halk arasynda «Igdeli ussa» ady bilen tanalan Hojanazar ussanyň nebereleri tarapy

Piri güýçli senet

Daşyndan seredeniňde: «Elli ýaşdan ýa geçendir ýa geçenem däldir» diýdirýän bu ussa ýakynda ýetmiş ýaşy arka atdy. Ýaşan manyly ömrüniň kyrk ýyldan gowragyny piri güýçli senedi ýasamaga — dutar ussaçylygyna bagyş edip, öz döwrüniň «men-men» diýen bagşy-sazandalaryny dutar bilen üpjün etdi. Gelenje, Pürli gurçuk ýaly dutar ussalaryny halypa saýyp, olaryň maslahatlaryna eýerip, meşhurlaryň hataryna goşuldy. Nurmyrat Akmyradow halypalyga ýetişenden soň, öz bilýänlerini sahylyk bilen öwredip, şägirtleri ýetişdirdi. Mary şäherinde ýaşaýan, ýaşy ýaňy segsenden alyp ugran ezber dutar ussasy «Ata kesbi — ogla halal» diýen pähime eýerip, ogly Rüstem bilen bagşy-sazandalar üçin gowudan-gowy dutarlary ýasap, alkyş üstüne alkyş alýar. Şonuň üçin diňe bir welaýatyň merkezinde däl, eýsem, sebitde ökde dutar ussalarynyň biri hökmünde tanalýan Nurmyrat aga bilen ýakynda öz habarçymyz söhbetdeşlik gurady. Şol söhbetdeşligi biz okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Nurmyrat aga, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bagşy-sazandalaryň we dutar ussalarynyň mertebesini has-da ýokary galdyrmak babatdaky aladalary bizi guwandyrýar. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň 13 — 18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen 16-njy mejlisiniň dowamynda dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bag

Ösümlikleriň gürrüňi

Türkmen sährasynda, daglarynda, düzlerinde dermanlyk ösümlikleriň juda köp sanlysy ösýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik işinde giňişleýin maglumat berilýär. Dermanlyk ösümlikler barada halk mirasynyň gymmatlyklaryny gözläp ýörkäm «Pylan ösümlik pylan diýenmiş» diýen ýaly, gürrüňleri köp eşitdim. Olaryň käbirini okyjylara ýetirmegi makul bildim. Üzärlik: — Men Abdyrasmandyryn (üzärligiň bir ady) — müň-de bir derde dermandyryn.

Şekillerde Änew metjidi

Konstantin Mişin,«Metjidiň içki görnüşi» 1900 ý. Halkara TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mirasa baý topragymyzyň taryhyny ýene bir ýola dünýä äşgär etmäge uly mümkinçilik döretdi. Öz döwründe ösen medeniýetiň mekany bolan bu ýer hemişe ýurdumyzyň we daşary ýurtly suratkeşleriň üns merkezinde bolup gelýär.

Pederleriň şöhratly ýoly — milli terbiýe mekdebi

Halkymyzyň asylly däbi bar. Ol hem maşgalada ata-enä hormat goýmak, her başlan işiňi olaryň maslahaty we ýol görkezmesi esasynda alyp gitmek. Bu bolsa şol işiň şowly bolmagyna getirýär. Maslahatly işleriň netijesi elmydama her kim üçin peýdaly we üstünlikli bolýar. Çagalygyndan bu häsiýetleri özünde jemlän ynsan tutanýerli, maksadaokgunly we adamkärçilikli bolýar. Biz muny hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly aganyň ömür ýolunyň mysalynda aýdyň duýýarys. Mälikguly aganyň gazaply uruş ýyllarynda juda ýaşdygyna garamazdan, görkezen edermenlikleri, ildeşlerini ýeňşe ruhlandyran tutanýerli işleri ähli zamanalar üçin kämil mekdep. Ynha, biziň döwrümiziň ýaş nesillerine nusgalyk häsiýetler. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda bular barada giňişleýin we täsirli beýan edilýär.

Köňülleriň şahyry

Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiligi halkymyzyň diliniň senasyna öwrüldi. Bu babatda akyldar şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz: «Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen topragynyň waspçysy, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi pähim-parasady, baky taglymy bolan şygyr diwanlary halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň joşgunly aýdymy bolup ýaňlanýar.

«...Biri goşa tar»

Mahmyt Gaýybynyň meşhur «Gelende bardyr» goşgusynyň ilkinji iki setiri şeýleräk başlaýar: Saz bilen söhbedi ýaman diýmäňler,Adam ata, Howa bolanda bardyr.