"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Maksat — futbolyň halkara derejesi

Ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda futbolyň ösüşini hem ýokary derejelere götermek üçin netijeli işler alnyp barylýar. Şol işleriň gurşawynda tälimçileriň we futbolçylaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işlere aýratyn orun degişlidir. Şu günler ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasy (AFK) we Ýewropanyň Futbol federasiýalary birleşigi (UEFA) bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň çäklerinde futbol boýunça milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Mergen Orazow dünýä belli kärdeşi Roberto Martinesiň ýanynda iş tejribeligini geçýär. Futbol janköýerlerine mälim bolşy ýaly, tälimçi häzirki wagtda Ýewropanyň iň güýçli milli ýygyndylarynyň biri bolan Portugaliýanyň ýygyndysyna tälim berýär. Dünýä belli tälimçiniň geçirýän türgenleşiklerine gatnaşmak üçin Mergen Orazow şu günler Lissabon şäherinde iş saparynda bolýar. Ol saparyň dowamynda milli ýygyndynyň Ýewropanyň Milletler ligasynyň täze möwsümine görýän taýýarlygynyň jümmüşinde boldy. Şunda ol ispaniýaly kärdeşi — baş tälimçi Roberto Martines bilen aýratyn duşuşyk geçirip, özara pikir alyşdy. Taraplar milli ýygynda futbolyň iň ösen talaplaryna laýyklykda tälim bermek boýunça tejribelerini paýlaşdylar.

Gu­wan­dyr­ýan üs­tün­lik­ler

Ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­mi­ziň ta­lyp tür­gen­le­ri­niň hal­ka­ra are­na­syn­da my­na­syp çy­kyş edip, ýa­şyl Tu­gu­my­zy be­lent­de par­lat­mak­la­ry ba­şy­my­zy gö­ge ýe­tir­ýär. Mu­nuň ola­ryň ýe­tip gel­ýän mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­na my­na­syp sow­gat­la­ry­dy­gy­ny bel­le­me­li­di­ris. Aw­gust aýyn­da ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­mi­ziň 2-nji ýyl ta­ly­by Şyh­ber­di Rah­ma­no­wyň Ga­za­gys­ta­nyň Şim­kent şä­he­rin­de ge­çi­ri­len jiu-jit­su bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da ga­za­nan üs­tün­li­gi aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. 62 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­de bäs­le­şen tür­ge­ni­miz bu ýa­ry­şyň bü­rünç me­da­ly­na my­na­syp bol­dy.

Dünýä çempionatynyň medallary

Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilen kikboksing boýunça dünýä çempionatynda türkmenistanly ýetginjekler altyn, kümüş we üç bürünç medallara mynasyp boldular. Türkmenistanyň ýygyndysyna 17 türgen wekilçilik etdi. Şolardan bäş türgenimiz kikboksuň «kik-laýt» we «full-kontakt» görnüşleri boýunça şowly çykyş etdiler. Dünýä çempionatyna 70-e golaý döwletden 3100-den gowrak türgen gatnaşdy. Ýaryşda 37 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Jasurbek Ahmedow geçiren dört duşuşygynyň ählisinde ýeňiş gazanyp, dünýäniň çempiony bolmagy başardy. Türkmen ýygyndysyndan kümüş medaly 51 kilograma çenli agram derejesinde Serdar Bekenow gazandy. Ymamguly Rejebow, Salamathan Baltaýew we Nepes Bäşimow bürünç medallara mynasyp boldular.

Türgenlerimiziň üstünligi

Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde adaty karate boýunça Aziýa-Okeaniýanyň 4-nji sebitleýin çempionaty geçirildi. Bu ýaryşa sport mekdebimizden tälimçilerdir türgenleriň 10-sy gatnaşdy. Türgenlerimiz çempionatda şowly çykyş edip, baýrakly orunlary eýelediler. Şahsy kata görnüşinden Yhlas Annagurbanow we Damir Allaberdiýew, Çerkez Myratdurdyýew (toparlaýyn) 1-nji orunlara mynasyp boldular. Nurgeldi Annagurbanow we Meýlis Çaryýew 2-nji, Döwlet Berdiýew 3-nji orunlary eýelediler. En-bu görnüşinden Nurgeldi Annagurbanow (toparlaýyn) 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy. Kihon tutluşyk görnüşinden Damir Allaberdiýew, Nurgeldi Annanepesow 2-nji orunlary eýelediler. Şahsy tutluşyk görnüşinden Selim Myratberdiýew 3-nji orna mynasyp bolup, türgenlerimiziň Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlan sowgatlarynyň üstüni ýetirdi.

68-nji «Altyn top» baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi

Fut­bol dün­ýä­si­niň iň uly şah­sy baý­ra­gy «Al­tyn top» (Bal­lon d’Or) ha­sap­lan­ýar. «France Fo­ot­ball» žur­na­ly ta­ra­pyn­dan 1956-njy ýyl­dan bä­ri gow­şu­ry­lyp ge­lin­ýän baý­ra­gyň bu ýyl­ky da­laş­gär­le­ri mä­lim edil­di. Il­kin­ji sa­na­wa 30 fut­bol­çy saýla­nyp, ola­ryň 6-sy «Re­al Mad­rid», 4-si «Man­çes­ter Si­ti» hem-de «Ar­se­nal» klub­la­ry­nyň oýun­çy­la­ry­dyr. Şol san­da sa­naw­da «Ba­ýer­den» 3, «In­ter­dir» PSŽ-den 2, «As­ton Wil­la», «Çel­si», «Bar­se­lo­na», «Ži­ro­na», «Ba­wa­ri­ýa», «Ata­lan­ta», «Bo­rus­si­ýa Dort­mund», «At­le­tik Bil­bao» hem-de «Le­ip­sig» klub­la­ryn­dan 1 fut­bol­çy bar. Ýeňiji oýun­çy­la­ryň ge­çen möw­süm­dä­ki gör­ke­zen ne­ti­je­le­ri esa­syn­da kes­git­le­ner. Ýag­ny to­mus­da klub­la­ry­ny üýt­ge­den fut­bol­çy­la­ryň ge­çen möw­süm­dä­ki klub­la­ryn­da gör­ke­zen ba­şar­nyk­la­ry göz öňün­de tu­tul­ýar. Şol se­bäp­li-de sa­na­wa oýun­çy­la­ryň at­la­ry ozal­ky klub­la­ry bi­len bi­le­lik­de ýa­zyl­dy. 68-nji ge­zek gow­şu­ryl­jak «Al­tyn top» baý­ra­gy­nyň iň esa­sy da­laş­gär­le­ri hök­mün­de «Re­al Mad­ri­diň» oýun­çy­la­ry Wi­ni­si­us Ju­ni­or bi­len Jud Bel­lin­gam ha­sap­lan­ýar. Şol san­da «Man­çes­ter Si­ti­niň» is­pa­ni­ýa­ly ýyl­dy­zy Rod­ri­niň hem ady öň­dä­ki­le­riň ha­ta­ryn­da ag­zal­ýar.

Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň klub­la­ry­nyň tä­ze futbolçylary

Ro­nal­do­nyň tä­ze to­par­daş­la­ry Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň «Al Nassr» to­pa­ry «Çel­si­niň» 19 ýaş­ly win­ge­ri An­že­lo Gab­rie­li 23 mil­li­on ýew­ro trans­fer et­di. Bra­zi­li­ýa­ly fut­bol­çy arap­lar bi­len uzak möh­let­le­ýin yla­la­şyk ga­za­nyp, ol ge­çen ýy­lyň tom­sun­da «San­tos­dan» «Çel­sä» 15 mil­li­on ýew­ro trans­fer bo­lup­dy. An­že­lo ge­çen möw­sü­mi Fran­si­ýa­nyň «Stras­bur» to­pa­ryn­da kä­ren­de­si­ne ge­çi­rip­di. «Al Nassr» to­pa­ry «Le­ip­sig» klu­bun­dan 24 ýa­şyn­da­ky fran­si­ýa­ly go­rag­çy Mo­ha­med Si­ma­ka­ny hem dü­zü­mi­ne goş­dy. Er-Ri­ýad şä­he­ri­niň we­ki­li bu trans­fer üçin ne­mes klu­bu­na 45 mil­li­on ýew­ro be­rer. Si­ma­kan «Le­ip­sig­de» 3 möw­süm­de 122 du­şu­şyk ge­çir­di (7 gol). «Ko­rin­tians­dan» 19 ýa­şyn­da­ky bra­zi­li­ýa­ly hü­jüm­çi Wes­li­ni 4 ýyl­lyk şert­na­ma bi­len 19 mil­li­on ýew­ro trans­fer eden «Al Nassr» to­pa­ry çep gy­ra­ky bra­zi­li­ýa­ly go­rag­çy­sy Aleks Tel­le­si hem klub­dan ug­rat­dy. Arap klu­bun­da 1 möw­süm oý­nan 31 ýa­şyn­da­ky Aleks Tel­les ýur­du­nyň «Bo­ta­fo­go» to­pa­ry bi­len 2026-njy ýy­lyň 31-nji de­kab­ry­na çen­li şert­na­ma bag­laş­dy.

UEFA Çempionlar Ligasynyň täze möwsüminiň bijeleri çekildi

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da tä­ze möw­sü­miň bi­je­le­ri çe­kil­di. Mo­na­ko­da ge­çi­ri­len da­ba­ra Jan­lui­ji Buf­fon bi­len Kris­tia­no Ro­nal­do hem gat­naş­dy. Hat­da bi­jä­ni ola­ryň iki­si çek­di. Buf­fon UEFA-nyň Pre­zi­den­ti­niň ýö­ri­te baý­ra­gy bi­len, Ro­nal­do bol­sa Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da iň köp gol ge­çi­ren oýun­çy bo­la­ny üçin ýö­ri­te baý­rak bi­len sy­lag­lan­dy. UEFA-nyň iň uly klub ýa­ry­şy­nyň umu­my­lyk­da 70-nji möw­sü­mi bo­lup, UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy ady­ny ala­nyn­dan soň­ky 33-nji möw­süm ozal­ky­lar­dan üýt­ge­şik for­mat­da ge­çi­ri­ler. Gat­naş­ýan klub­la­ryň sa­ny art­dy­ry­lyp, 32-den 36-a çy­ka­ryl­dy. Şol bir wag­tyň özün­de du­şu­şyk­la­ryň sa­ny hem öň­kü­ler­den köp bo­lar. Adat­ça to­par­ça­la­ýyn tap­gyr­da klub­lar 6 du­şu­şyk ge­çir­ýän bol­sa, tä­ze gör­nüş­dä­ki li­ga tap­gy­ryn­da klub­lar 8 du­şu­şyk oý­nar­lar.

«Baýeriň» 35 oýunlyk ýeňlişsiz ýörişi tamamlandy

Bu ge­zek soň­ky mi­nut­lar­da gol bol­ma­dy Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Bun­des­li­ga­nyň» 2-nji tap­gy­ryn­da ge­çen möw­sü­miň ýeň­liş­siz çem­pio­ny «Ba­ýe­riň» ja­dy­sy ta­mam­lan­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da «Le­ip­si­g» bilen duşuşan «Ba­ýer» 1-nji ýa­ry­myň ahy­ryn­da Frim­pon­gyň (39) hem-de Gri­mal­do­nyň (44) gol­la­ry bi­len 2–0 öňe saý­lan­dy. Ýö­ne 1-nji ýa­rym ta­mam­lan­man­ka, «Le­ip­sig» Kamp­lyň (45+7) ta­pa­wut­lan­ma­gyn­da ara­ta­pa­wu­dy 1 go­la dü­şür­me­gi ba­şar­dy. 2-nji ýa­rym­da-da Loi Open­da «Le­ip­si­ge» ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy bol­dy. Ol 57-nji hem-de 80-nji mi­nut­lar­da 2 owa­dan gol ge­çir­di. Ga­lan mi­nut­lar­da mun­dan öň 10-dan gow­rak du­şu­şyk­da soň­ky mi­nut­lar­da ýa ha­sa­by deň­län, ýa-da ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şa­ran «Ba­ýe­re» bu ge­zek şol dä­bi­ne eýer­mek ba­şart­ma­dy. Şun­luk­da, «Ba­ýer» «Bun­des­li­ga­da» 35 oýun­dan soň il­kin­ji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. «Ba­ýer» «Bun­des­li­ga­da» soň­ky ge­zek 2023-nji ýy­lyň ma­ýyn­da utu­lyp­dy. «Ba­wa­ri­ýa» bol­sa öz meý­dan­ça­syn­da «Fraý­bur­gy» Har­ri Keýn hem-de To­mas Mül­le­riň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şyk­da 2-nji ýa­rym­da oý­na gi­rip gol ge­çi­ren To­mas Mül­ler mün­hen­li­le­riň kö­ýnek­çe­si­ni 710-njy ge­zek ge­ýip, bu ugur­da re­kor­dy tä­ze­le­di. Ozal­ky re­kord meş­hur der­we­ze­çi Sepp Ma­ýe­re de­giş­li bo­lup, ol 1962-1980-nji

Transfer täzelikleri

«Na­po­li» 3 oýun­çy­ny 74 mil­li­on ýew­ro trans­fer et­di

Tomusky transfer möwsümi tamamlandy

Fut­bol­da to­mus­ky trans­fer möw­sü­mi ta­mam­la­nyp, re­kord de­re­je­de fut­bol­çy klu­bu­ny üýt­get­di. Bu ba­ra­da FI­FA ha­bar ber­ýär. Tom­suň il­kin­ji gü­nün­den soň­ky gü­nü­ne çen­li gyz­ga­laň­ly ýag­daý­da do­wam eden to­mus­ky trans­fer möw­sü­min­de 11 müň fut­bol­çy klu­bu­ny ça­lyş­dy. Bu ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rü­ne gö­rä, 4,8 gö­te­rim ýo­ka­ry diý­mek bo­lup, bu gör­ke­zi­ji re­kor­da deň­dir.

3 ýyldan soň ilkinji ýeňşi

Mo­to GP bo­ýun­ça ýy­lyň 12-nji bäs­le­şi­gi Ara­gon «Gran Pri­sin­de» is­pa­ni­ýa­ly Mark Mar­kes ýe­ňiş ga­zan­dy. «Ducati Gre­si­ni Racing» to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­si Is­pa­ni­ýa­nyň Al­kan­ýis şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ýa­ryş­da 23 aý­la­wy 41 mi­nut 47,082 se­kunt­da ta­mam­la­dy. Bu Mar­ke­siň 3 ýyl­dan soň Mo­to GP-de ga­za­nan il­kin­ji ýeň­şi hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Dün­ýä­niň 5 ge­zek çem­pio­ny Mark Mar­kes soň­ky ge­zek 2021-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da Ita­li­ýa­da ýe­ňi­ji bo­lup­dy. Ýa­ryş­da 2-3-nji orun­la­ry-da is­pan sü­rü­ji­le­ri eýe­le­di­ler. Ýe­ňi­ji­den 4,789 se­kunt yza ga­lan «Pra­mac Racing» to­pa­ry­nyň pi­lo­ty Hor­ge Mar­tin 2-nji, «Tech 3» to­pa­ryn­dan Ped­ro Akos­ta 3-nji or­na my­na­syp bol­dy. Soň­ky 2 ýy­lyň çem­pio­ny we şu möw­süm­de-de 3-nji ýeň­şi­ne ym­tyl­ýan ita­li­ýa­ly Fran­çes­ko Ba­naia («Ducati Le­novo«) ýa­ry­şy ta­mam­lap bil­me­di. Bu ýa­ryş­dan soň utu­gy­ny 299-a ýe­ti­ren Hor­ge Mar­tin sa­naw­da 1-nji or­na beý­gel­di. Fran­çes­ko Ba­naia 276 utuk bi­len 2-nji ýe­re düş­di. Ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­si Mark Mar­kes bol­sa utu­gy­ny 229-a ýe­tir­di we 3-nji or­na çyk­dy.

2-nji ýer üçin ýiti göreş

Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­tyn­da 21-nji tap­gy­ryň çä­gin­de 3 du­şu­şyk ge­çi­ril­di. 3 oýun­da je­mi 6 gol der­we­zä gi­ri­zil­di. 2 du­şu­şyk­da ýer eýe­le­ri bir­meň­zeş ha­sap­lar bi­len ýe­ňiş ga­zan­sa, beý­le­ki du­şu­şyk deň­lik­de ta­mam­lan­dy. «Ahal» öz meý­dan­ça­syn­da «Merw» bi­len du­şu­şyp, gar­şy­da­şy­ny her ýa­rym­da ge­çi­ri­len gol­lar esa­syn­da 2–0 ha­sa­byn­da ut­dy. «Ahal» to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry 15-nji mi­nut­da Da­ýanç Me­re­dow bi­len 46-njy mi­nut­da Şa­za­da Bä­şi­mow (öz der­we­ze­sin­den) ge­çir­di.

Kikboksçulardan bäş medal

Türkmenistanly ýetginjek kikboksçular Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilen çempionatda bir altyn, bir kümüş we üç sany bürünç medala mynasyp boldular. Dünýä çempionaty 70-e golaý döwletden 3100-den gowrak türgeni özünde jemledi. Ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndysyna bolsa 17 türgen wekilçilik etdi. Şolardan bäş türgenimiz kikboksuň «kik-laýt» we «full-kontakt» görnüşleri boýunça üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryşda 37 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Jasurbek Ahmedow geçiren dört tutluşygynyň ählisinde ýeňiş gazanyp, hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykyp, öz agram derejesinde dünýäniň çempiony bolmagy başardy. Türkmen ýygyndysynyň kümüş medalyny 51 kilograma çenli agram derejesinde Serdar Bekenow gazandy. Ol dünýä çempionatynyň dowamynda güýçli garşydaşlarynyň üçüsinden üstün çykdy. Ymamguly Rejebow, Salamathan Baltaýew we Nepes Bäşimow bolsa üçünji orundan paýly boldular.

Öňdelik meşhur toparda

Düýn Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 22-nji tapgyrynyň çäginde «Arkadag» bilen «Ahal» futbol toparlary duşuşdy. Ýaryş tertipnamasynda öňdäki orunlary eýeleýän iki güýçli toparyň arasynda paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda bolan oýun diýseň çekeleşikli geçdi. Duşuşyk Arkadag şäheriniň adybir futbol toparynyň esasy bäsdeşini 5:1 hasabynda ýeňmegi bilen tamamlandy. Ýurdumyzyň çempion topary yzygiderli ýeňişleri bilen barha öňe ilerleýär. Ol çempionlyk ugrundaky ýaryşda iň ýakyn bäsdeşi «Altyn Asyrdan» 14 utuk tapawudy bilen öňde barýar. Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» topary ýekşenbe güni Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda çärýek finalyň jogap duşuşygy üçin meýdança çykar. «Şagadamyň» myhmany boljak «Arkadag» topary birinji oýunda 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazanypdy.

«Arkadag» toparynyň ýeňişli ýoly

Futbol Türkmenistanyň milli futbol çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi. Balkanabadyň «Nebitçisi» myhmançylykda Arkadag şäheriniň «Arkadag» topary bilen duşuşyp, bu oýun ýer eýeleriniň uly hasaply ýeňşi bilen tamamlandy. 12-nji minutda «Arkadag» toparynyň iň netijeli oýunçysy Didar Durdyýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby açan duşuşygynda balkanabatlylardan Muhammet Annaýew 13-nji minutda ony deňlemegiň hötdesinden geldi. 27-nji minutda Didar toparyny ýene öňe saýlady. Begmyrat Baýow 42-nji minutda ýurdumyzyň çempionynyň üçünji goluny öz adyna ýazdyrdy. 81-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren Altymyrat Annadurdyýew myhmanlaryň derwezeçisini 85-nji minutda ýene bir gezek ahmyrda goýdy.

Dünýä çempionatyndan ýeňiş bilen

Wengriýanyň paýtagty Budapeştde kikboks boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda welaýatymyzyň türgenleri üstünlikli çykyş edip, medallaryň 4-sine mynasyp boldular. Bu yklym ýaryşynda Türkmenabat şäherindäki 9-njy sport mekdebiniň türgeni Jasur Ahmedow 37 kilogram agram derejesinde çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Ildeşlerimiziň ýene biri — Türkmenabat şäherindäki 3-nji sport mekdebiniň türgeni Serdar Bekenow bolsa 48 kilogram agram derejesine çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy. Dünýä çempionyny ýaryşa mekdebiň tälimçisi Ruslan Çöliýew taýýarlady. Işine ussat tälimçiniň türgenleriniň ýene-de ikisi bu halkara ýaryşynda öz ussatlygyny görkezip, bürünç medala eýe boldular. Ýagny Nepes Bäşimow 51, Salamathan Baltaýew 85 kilogram agram derejelerinde üçünji baýrakly orny gazandylar.

«Miras» ― bürünç medalyň eýesi

Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebiniň futbol boýunça «Miras» zenanlar topary ýakynda tamamlanan Türkmenistanyň çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. Iki aýlawdan ybarat bolan ýaryşyň birinji aýlawy şu ýylyň aprelinde Aşgabatda, ikinji aýlawy ýakynda Maryda geçirildi. Tejribeli tälimçi Bagtyýar Jumabaýewiň şägirtleri çempionatda geçiren dokuz duşuşygynyň diňe üçüsinde ýeňlip, bir duşuşykda deňme-deň oýnadylar. Galan bäş duşuşykda bolsa olar garşydaşlaryny uly hasap bilen ýeňmegi başardylar.

Sport ýaryşlary geçirildi

Sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek ulus-ilimiziň, aýratyn hem ýaşlarymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşdy. Biz hem ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe hereketine höweslendirmek boýunça öňümizde duran wezipelerden ugur alyp, täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli mekdebimizde sport ýaryşlaryny guradyk. Oňa etrabymyzyň sport mekdeplerinde tälim alýan türgenler uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Woleýbol, futbol boýunça toparlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda mekdebimiziň türgenleri has tapawutly çykyş etdiler. Şeýle hem erkin göreş boýunça guralan tutluşyklar ýaş türgenleriň kämilligine we ussatlygyna göz ýetirmäge pursat döretdi. Gyzgalaňly häsiýete eýe bolan ýaryşlar hakyky sport baýramçylygyna öwrüldi. Şeýle ýaryşlary ýylyň tutuş dowamynda geçirmegi meýilleşdirýäris.

Sport habarlary

Ýaş türgeniň üstünligi Golaýda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda sportuň uşu görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen çempionat gyzgalaňly häsiýete eýe bolup, ezber türgenleriň ençemesini ýüze çykardy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sportumyzy dabaralandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek we ýaş türgenleriň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen guralan çempionatda Köneürgenç etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgeni, etrapdaky 58-nji orta mekdebiň okuwçysy Şanepes Araznepesow 30 kilogram agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, birinji orna mynasyp boldy. Ýaryşyň ýeňijileri Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Sport

Ýaş türgeniň üstünligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Muňa  dünýäniň abraýly halkara ýaryşlarynda ýaş türgenlerimiziň yzygiderli gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek mümkin.