"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Diýarymyz ösüşleriň, özgerişleriň mekany

Eziz Diýarymyz ösüşleriň, özgerişleriň mekanydyr. Şeýle ösüşi türkmen halkyna peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri bu günki günde has-da rowaçlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler halkymyzda Watana bolan söýgini berkidýär, işlemäge, beýik ösüşlere goşandyňy goşmaga ruhlandyrýar. Indi ýurdumyzda her ýyla mynasyp at bermek asylly däbe öwrüldi. Täze, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa göwünleri has-da galkyndyrdy. Täze ýylyň şygarynda ýaşlara bildirilýän beýik ynam, buýsanç, olar hakda edilýän alada aýdyň beýanyny tapýar. Munuň özi nesilleriň jebisligini, agzybirligini, berkararlygy, asudalygy we ösüşleriň täze, okgunly gadamyny aňladýar, ýaşlar, geljegimiz bolan ýaş nesiller hakyndaky aladanyň durmuş syýasatynda dabaralanýandygyny, ýaşlara bildirilýän ynamyň uludygyny görkezýär. Ýaşlar hakyndaky aladalary döwlet syýasaty derejesine çykaran Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garap, olara uly ynam bildirýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlar goýulýar. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymy

Saglygym — baýlygym

Eziz Diýarymyzda il saglygy ýurduň iň uly baýlygy hasaplanýar. Şonuň üçin ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny kepillendirýän milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek ýaly möhüm wezipeleriň çözülmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamynda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär we kabul edilen giň gerimli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa halkymyzyň saglygy baradaky döwletimiziň edýän aladasyndan nyşandyr.

СOVID-19 ýokanjyna garşy ikinji buster waksinasiýasynyň netijeliligi

Dünýäde СOVID-19 ýokanjynyň keselçiliginiň pandemiýa derejesinden peselýändigine garamazdan, wirus bilen keselleýjilik ilatyň arasynda belli bir derejede saklanýar. Dünýäniň statistiki maglumatlaryna görä, Ýewropa ýurtlarynda, Hytaý Halk Respublikasynda keselçiligiň ýokary derejede saklanmagy dowam edýär. Işiň maksady – СOVID-19 ýokanjyna garşy ikinji buster waksinasiýasyny geçirmekde ulanylan dürli waksinalaryň işjeňligini seljermek we deňeşdirmek.

Pigmentirlenen emzijekli-nodulýar sinowitiň ösüşine sitotoksik limfositleriň täsiri

Pigmentirlenen emzijekli-nodulýar sinowitiň (PENS) gelip çykyş tebigaty babatda gapma-garşylykly pikirler ýöredilýär. Käbir awtorlaryň pikirine görä, PENS-de gaýnaglama hadysasy barada gürrüň gidýändigine garamazdan, awtorlaryň aglaba bölegi bu keseli agressiw dargadyjy ýerli häsiýetli we gaýtalanmalara ýokary ukyply (50-70%) bolan neoplaziýalara degişli edýärler [3, 8, 10]. PENS-de sinowial öýjükleriň gözegçilik edip bolmaýan (kontrolsyz) üznüksiz proliferasiýa bilen utgaşýandygy aýdyň bolup galýar, özi hem bu proliferasiýany döredýän mehanizmler şu wagta çenli takyk belli däldir [9]. PENS-niň ýerli progressiýasy diňe öýjük inwaziýasynyň we öýjük daşky maddasynyň dargadylmagynyň hasabyna mümkin bolýar. Şeýle hadysalar dürli öýjük arabaglaşyklaryň, meselem, öýjükleriň adgeziýasynyň, olaryň migrasiýasynyň we soňra döreýän proteolitiki reaksiýalarynyň koordinasiýasyny talap edýär. Bu ýagdaý indiki ýagdaýlar bilen hem baglanyşyklydyr. Bu patologiýada neoplaziýa transformasiýasyna sezewar bolan bir ýadroly sinowiositleriň käbir funksiýalaryna garşy ýörite bejerginiň geçirilmegi durnukly oňyn täsir etmeýär we gaýtalanmalaryň sanynyň ekstremal ýokary bolmagy köp ýagdaýda bu bejeriş usulynyň ýeterlikli däldigini görkezýär [1, 2, 4]. Bu sinowiositleriň funksiýasynyň triggeri hökmünde beýleki öýjükleriň, meselem, limfositleriň ep-esli derejede täsir edip biljekdigini görkezýär. Destruk

Süýt mäzleriniň howply täze döremeleriniň öňüni almakda we olary ir ýüze çykarmakda zenanlaryň onkologiki seresaplylygynyň ähmiýeti

Türkmenistanda zenanlaryň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer ýörelgesinden ugur alnyp, zenanlaryň saglygyny goramak boýunça ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda SMHTD-de keselleýjiligiň, ölümçiligiň we ötüşenligiň ýurt we sebitler boýunça aýratynlyklarynyň, olara täsir edýän faktorlaryň, keseliň anyklanylyş, bejeriliş we gözegçilik şertleriniň çuňňur we giňişleýin öwrenilmegi ylmy we amaly onkologiýanyň iň bir wajyp meseleleriniň biridir [2, 4, 6, 7].

Gartaşan ýaşly näsaglarda dowamly piýelonefritiň geçiş aýratynlyklary

Dowamly piýelonefrit – böwrekleriň hususy däl, ýokançly alawlama keseli bolup, ol böwrekleriň parenhimasyny, esasan, interstisial dokumasyny, ýargaklary we okarajyklary zeperleýär [2, 6, 7]. Gartaşan ýaşly näsaglarda kesel bir we ikitaraplaýyn, ilkinji we ikilenji, gaýtalanýan we latent görnüşinde bolup bilýär. Ýaşyň ulalmagy bilen dowamly piýelonefritli erkek näsaglaryň sany köpelýär, bu gartaşan ýaşa mahsus bolýan ikilenji piýelonefrit bilen düşündirilýär (süýjüli diabetiň, peşew mäziniň howpsuz giperplaziýasynyň fonunda), ol, köplenç, latent görnüşinde geçýär [5, 6]. Dowamly piýelonefrit gartaşan ýaşly adamlaryň 15-25%-de ýüze çykýar [3, 4, 8]. Şeýle-de, gartaşan ýaşly adamlarda bedeniň umumy immunobiologiki reaktiwliginiň peselmegi bilen gorag güýçleri hem peselýär, bu bolsa diňe bir dowamly piýelonefritiň ýüze çykmagyna getirmän, bu ýaşda duş gelýän başga-da köp keselleriň ýüze çykmagyna getirip bilýär. Işiň maksady – gartaşan ýaşly adamlarda dowamly piýelonefritiň az alamatly we latent geçişiniň häzirki zaman aýratynlyklarynyň jähtinde ony anyklamakdaky kynçylyklary öwrenmek.

Bokurdagyň howply täze döremeleriniň kämilleşdirilen bejeriş usullarynyň netijeleri

Bokurdagyň howply täze döremeleri (HTD) ähli howply çişleriň 1-5%-ni, kelle we boýun agzalaryň bolsa 50-60%-ni düzýär. Bu howply kesel erkek adamlaryň arasynda duş gelýän HTD-niň içinde ýygylygy boýunça 5-nji ýeri eýeleýär [1, 7]. Bokurdagyň HTD-niň bejerilişiniň aýratynlygy näsagy diňe howply täze döremeden halas etmek bilen çäklenmän, bokurdagyň dem alyş, ses we goraýyş funksiýalaryny dikeltmek bilen baglydyr. Keseliň başlangyç derejelerinde näsagy şöhle ýa-da agzasaklaýjy hirurgik usul bilen doly bejerip bolýar [2, 5, 8, 11].

Ýanykdan soňky uzak wagtlap bitmeýän ýaralary bejermegiň häzirkizaman usullary

Uzak wagtlap bitmeýän ýaralar (ýanyklar) bütin dünýäde häzirki zaman hirurgiýasynyň we kombustiologiýanyň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar. Adatça, gelip çykyşy boýunça «aýratyn etiologiýaly» (ýanygyň, aterosklerozyň, süýjüli diabetiň, birleşdiriji dokumalaryň keselleriniň, şöhle keseliniň fonunda dörän, şeýle hem infeksiýa, dowamly basyş we gormonlaryň ulanylmagy sebäpli dowam eden) we bularyň netijesinde uzak wagtlap bitmeýän ýaralar – dowamly ýaralar hasaplanylýar. Dokumalaryň reparasiýasyna bagyşlanan Ýewropa jemgyýetiniň ýörite maslahatynda «Dowamly ýara diýip, ýaranyň ýerleşýän ýeri we görnüşi boýunça meňzeş ýaradan bitmeli kadaly wagt ölçegi boýunça has haýal ýa-da pes bitýän ýaralara aýdylýar» diýip kesgitlendi [5]. Amalyýetde bolsa dowamly ýara diýlip, 4 hepdeden köp bitişme alamatlary ýüze çykmaýan haýal ýaralara aýdylýar (muňa işjeň reparasiýa alamatlary bolan giňişleýin ýara deffektleri degişli däl) [6]. Häzirki wagtda amaly lukmançylykda şu ýaralaryň birnäçe atlary ulanylýar: trofiki ýara, bitmeýän ýa-da haýal bitýän ýara, örän seýrek bolsa – dowamly ýara, daşary ýurtlarda bolsa olara, köplenç, dowamly ýara diýilýär, örän seýrek bolsa bitmeýän ýara diýip atlandyrylýar (chronic or problem or nonhealing wounds). Ýönekeý ýaralar bilen uzak wagtlap bitmeýän ýaralaryň aratapawudy uludyr. Ýönekeý ýaralar sagdyn adamlarda ýüze çykýar we ilkinji (iriňsiz) ýa-da ikile

Ýürek-damar hirurgiýasynda koronar şuntlary saýlamaklygyň we olary ulanmaklygyň ylmy esaslary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň raýatlarynyň ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin saglygy goraýyş ulgamynda ähli mümkinçilikler döredilýär, hassahanalar ylmyň soňky gazananlaryna laýyk gelýän enjamlar bilen abzallaşdyrylýar. Çünki saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak täze tehnologiýalary amaly lukmançylyga ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydyr. Bu babatda rejelenen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýurdumyzda ägirt uly işler alnyp barylýar. Lukmançylyk ylmynyň gazanan soňky tehnologiýalary bilen üpjün edilen dürli ugurly köp sanly hassahanalar, ylmy-kliniki merkezler halkymyza hyzmat edýär [1]. Häzirki wagtda dünýäniň ykdyasady taýdan ösen döwletlerinde ýürek-damar keselleri (ÝDK) keselçilik, maýypçylyk we ölümçilik boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. Ýüregiň işemiýa keseliniň (ÝIK) döremeginiň esasynda ýüregiň koronar arteriýalarynyň içki diwarlarynda emele gelýän ateroskleroz lagtalarynyň (blýaşkalarynyň) damaryň boşlugyny daraltmagy ýatýar. Daralan arteriýanyň boşlugyndan akýan ganyň göwrüminiň azalmagy miokarda gan aýlanyşygyň üzül-kesil peselmegine getirýär.

Aritmiýalaryň mehanizmlerine döwrebap garaýyş

BSGG-niň kesgitlemesi boýunça aritmiýa – bu kadaly sinus ritminden tapawutlanýan ýüregiň dürli ritmidir. Birdenkä döreýän ýürek ölüminiň 80%-e golaý hadysalary garynjyk aritmiýalaryň netijesinde ýüze çykýarlar [7, 11]. 2014-nji ýylda Ýewropada we Demirgazyk Amerikada alyn ýürek fibrillýasiýasy ilatyň 2-3%-de bellenildi [1, 3, 16]. Alyn ýürek fibrillýasiýasy we tirpildemesi 112 müň adamlaryň birdenkä ölüminiň sebäpleri hökmünde kesgitlendi [6, 19]. Hassahana ýerleşdirilen COVID-19 bilen kesellän näsaglaryň köpüsinde wirusyň miokardy zeperlemegi sebäpli, aritmiýalar keseliň agyr geçişine we ýokary ölümçiligine getirdi [9]. Aritmiýalar köp patogenetik mehanizmleri, şol sanda ýüregiň awtomatizminiň, gyjynmasynyň, ýygrylyşynyň, refrakterliginiň, geçirijiliginiň we aberrantlygynyň (impulsyň goşmaça ýollardan geçmeginiň mümkinçiliginiň) bozulmasy bilen bagly bolup durýarlar [2, 4, 12].

Ýüzüň derisiniň giperpigmentasiýasyny we fotogarramaklygyny korrektirlemek we onuň öňüni almak

Hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy üstünliklerini hasaba almak bilen, häzirkizaman milli saglygy goraýyş ulgamyny has kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşaýşyň dowamynda dürli içki we daşky faktorlaryň täsiriniň netijesinde, adamyň derisiniň durky üýtgeýär, olardan iň esasylarynyň biri hem işjeň we dowamly Günüň insolýasiýasy bolup, ol organizmiň garramagyna baglylykda bedende toplanýar [1-4].

Döwlet ähmiýetli beýik işler

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriň esasynda adamy döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän eziz Diýarymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Uly ruhubelentlik bilen gadam basan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem taryhy wakalara, il-ýurt bähbitli möhüm özgertmelere beslenýär. Bu şanly ýylyň eýýäm ilkinji aýynda bolup geçýän ajaýyp wakalar türkmen taryhynyň täze sahypasyna altyn harplar bilen ýazylar. Merdana ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip hem-de türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan taryhy tejribesine daýanyp, döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli wajyp meseleleri jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda ara alyp maslahatlaşmak, Garaşsyz Watanymyzda ýetilen sepgitleri, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi täze derejelere ýetirmek, ata-babalarymyzyň il-ýurt bähbitli wajyp wezipeleri, möhüm meseleleri halk bilen geňeşip, ýaşululara sala salmak ýaly asylly ýol-ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de mynasyp dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty hem munuň aýdyň mysalydyr.

Bitaraplygyň aýdyň ýoly

Türkmen halky Türkmenistan Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik bilen barýar. Ýurdumyzda hemişelik Bitaraplyk derejesi abadançylygy we asudalygy berkarar etmek bilen bir hatarda, sebitde hem-de dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde Watanymyzyň abraýyny has-da artdyrýar.

Beýik işler — döwrümiziň keşbi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri uly özgerişlere, ösüşlere beslenýär we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasaty barha giň gerime eýe bolýar. Dünýä döwletleri bilen parahatçylyga, halklaryň abadançylygyna we ählumumy ösüşe ýardam edýän oňyn we netijeli işler amala aşyrylýar. Şunda Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, parlament diplomatiýasynyň gurallaryndan netijeli peýdalanmaga uly ähmiýet berýär. Parlament diplomatiýasy bolsa döwletara, sebit we ählumumy derejede örän wajypdyr. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa döwletine amala aşyran sapary aýratyn many-mazmuna eýedir. Duşuşykda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi, Aşgabatda Türkmen-rus uniwersitetini döretmek baradaky başlangyç hakynda aýdylyp, geljek ýylda bu ýokary okuw mekdebiniň binýadynyň tutulyp bilinjekdigi barada ara alnyp maslahatlaşylmagy has-da guwandyryjydyr. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Gahryman Arkadagymyzy IV derejeli «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi onuň döwletara h

Ilatyň saglyk babatda sowatlylygynyň lukmançylyk-durmuş jähtleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we halkymyza elýeter bolmagyny gazanmak, ilata berilýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda has-da ösdürmek, raýatlara, şol sanda enelere we çagalara berilýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna, tejribesine esaslanyp, kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda ýurdumyzda bimöçber tagallar edilýär. Ilatyň arasynda sagdyn durmuş endikleriniň esasyny düzýän, köpsanly keselleriň öňüni almaga ýardam edýän dogry iýmitlenmegiň, zähmet bilen dynç alşy kadaly utgaşdyrmagyň, hereketli bolmagyň, bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmagyň saglyga peýdasy barada lukmanlar tarapyndan elmydama wagyz-nesihat işleriniň geçirilmegi ilatyň saglyk babatda sowatlylygynyň derejesiniň ýokarlanmagyna alyp barýar. Ilatyň saglyk babatda sowatlylygynyň (SBS) derejesi adamlaryň durmuş endiklerine we saglygyna, ýaşaýşynyň hiline, adamlaryň saglygy goraýyş hyzmatlaryndan rejeli peýdalanmagyna, saglyk ýagdaýynyň görkezijilerine we hassahana düşmek derejesine kesgitli derejede täsir edýär [1].

Irki döwürde ýokanç däl keselleriň öňüni almakda çagalarda sagdyn durmuş endikleriniň ähmiýeti

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) kesgitlemesi boýunça saglyk – diňe bir keselleriň we fiziki kemçilikleriň bolmazlygy däl-de, eýsem, bu doly fiziki, ruhy we durmuş abadançylygynyň bolmagydyr. Şonuň bilen baglylykda, ýokanç däl keseller (ÝDK) – ýürek-damar keselleri, onkologiýa, dem alyş ulgamynyň dowamly (ötüşen) keselleri we diabet (süýji keseli) diňe bir lukmançylyk däl, eýsem, hakyky durmuş meselesi bolup, dünýädäki ölümçiligiň esasy sebäpleri bolup durýar.

Çagalaryň daş taraplaýyn göz çaşylygynda gözüň yzky bölüminiň patologiýasynyň ýüze çykarylmagynyň netijeli usullary

Göz çaşylygy bolan näsaglaryň arasynda daş taraplaýyn göz çaşylygy bilen ejir çekýänleriň umumy sany E.S. Awetisowyň maglumatlaryna görä 10,1% tutýar, R.P. Pozdnýakowyň maglumatlaryna görä 22%, P.Molnaryň maglumatlary boýunça 25%-e barabardyr [1, 3, 4]. Oftalmologlaryň köpüsi daş taraplaýyn göz çaşylygynyň ilkinji alamatlarynyň çaga 6 ýaşyna ýetmänkä döreýändigini belleýärler [8, 10]. Miopiki refraksiýasy bilen utgaşýan daş taraplaýyn göz çaşylygynda çaşarýan gözüň görüş ýitiligi peselýär, ambliopiýa döreýär we binokulýar görüşiň bozulmalary ýüze çykýar [3, 4, 6]. Optiki kogerent tomografiýanyň (OKT) lukmançylyk tejribesine ornaşdyrylmagy bilen gözüň düýbüniň gurluş agzalarynyň kliniki taýdan seljerilmegi üçin täze ýollar açyldy. OKT usuly refraksion ambliopiýa degişli torly perdäniň funksional bozulmalaryny gözüň yzky böleginiň ultrastruktur organiki üýtgeşmelerinden aýdyň tapawutlandyrmaga mümkinçilik döretdi [2, 5, 7].

Ýumşak dokumanyň sarkomasyny anyklamakda goýberilýän taktiki ýalňyşlyklar

Ýumşak dokumanyň sarkomasy (ÝuDS) howply çişleriň içinde seýrek duş gelýän görnüşi bolmak bilen, mezenhimial howply çişleriň birnäçe morfologiki görnüslerini öz içine alýar. BSGG-niň klassifikasiýasy boýunça ÝuDS-nyň 50-den gowrak morfologiki görnüşleri kesgitlendi we şoňa görä olaryň bejeriliş taktikasy üýtgeýär [2-4]. Bu kesel erkek adamlarda we zenanlarda deň derejede ýüze çykyp, 20-40 ýaş aralygynda ýygy duş gelýär. Näsaglaryň 50%-de kesel ahyrlarynda, 40%-de göwresiniň başga bölümleriniň ýumşak dokumalarynda ýüze çykýar [1, 2, 6, 7]. ÝuDS kliniki akymy ýokary geterogenligi, oňaýsyz netijesi we bejerginiň aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Alymlaryň pikirine görä, ÝuDS-nyň 42% mezenhimial, 32% ektodermal, 22% mezodermal, 4% endodermal dokumalardan durýar, galanlary näbelli gistogenezli bolýandygyny belleýärler [6, 7]. ÝuDS häzirki zaman onkologiýanyň az öwrenilen howply täze döremeler (HTD) topary hasaplanýar. Obýektiw barlagda bu çişler ele bildirýän hem bolsa, keseli anyklamakda we bejermekde köp ýalňyşlyklar goýberilýär [3, 6, 7]. ÝuDS-nyň irki anyklanylyşy şu günki gün amaly onkologiýada çylşyrymly meseleleriň biri bolup durýar. Çiş ilkibada ýumşak dokumalarda hiç hili alamatsyz ösýär, şonuň üçin näsaglar çişe üns bermän, soňra özbaşdak berjergi alýarlar. Näsaglaryň lukmana ýüz tutmaga mejbur edýän zatlaryň biri çişiň ulalyp, dokumalaryň deformasiýasyna getirmegi, gola

Oba şertlerinde dermana durnukly öýken inçekeseliniň häzirki zaman anyklanyşy we bejerilişi

Dermana durnukly mikobakteriýalar tarapyndan döredilýän inçekesel häzirki wagtda dünýä derejesinde wajyp mesele bolup durýar. Edebiýat maglumatlaryna görä, inçekesele garşy dermanlara durnukly inçekesel mikobakteriýalaryny çykaryjy näsaglaryň sany ýyl-ýyldan köpelýär [5, 7, 8]. Dermana durnuklylygyň bolmagy näsaglaryň bejergisiniň möhletini uzaldýar, bejerginiň netijeliligini peseldýär [1, 11]. Türkmenistanda 2013-2018-nji ýyllarda geçirilen barlaglarda dermanlara durnuklylyk täze ýüze çykarylan ýagdaýlaryň 24%-de, gaýtadan bejerilen näsaglaryň 51%-de ýüze çykaryldy [2]. 2013-2015-nji ýyllarda Lebap welaýatynda köp dermanlara durnukly öýken inçekeselli näsaglaryň ýüze çykarylyşyna seljeriş geçirilende, dermanlara durnuklylyk anyklanylan öýken inçekeselli näsaglaryň 60%-de köpsanly dermana durnuklylyk ýüze çykaryldy [3]. Türkmenistanda inçekesele netijeli gözegçiligi üpjün etmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda dermana durnukly inçekesele garşy işleriň meýilnamalaýyn geçirilmegi göz öňünde tutulýar [4]. Işiň maksady – Lebap welaýatynyň oba şertlerinde inçekeseliň dermana durnukly görnüşleriniň ýygylygyny, strukturasyny öwrenmek, kliniki-rentgenologik aýratynlyklaryny kesgitlemek.

Burun-damagyň howply täze döremeleriniň anyklanyşynda täze tehnologiýalaryň orny

Burun-damagyň howply täze döremeleri damagyň ähli howply çişleriniň 45-55%-ni düzýär [1, 7]. Keseliň kliniki alamatlary howply täze döremäniň burun-damakda ýerleşýän ýerine, onuň ösüş ugruna we regionar limfa mäzleriň metastazlar bilen zeperlenmegi netijesinde ýüze çykýan alamatlar bilen häsiýetlendirilýär [2, 5].