Aritmiýalaryň mehanizmlerine döwrebap garaýyş

9 Fewral 2023
824

BSGG-niň kesgitlemesi boýunça aritmiýa – bu kadaly sinus ritminden tapawutlanýan ýüregiň dürli ritmidir. Birdenkä döreýän ýürek ölüminiň 80%-e golaý hadysalary garynjyk aritmiýalaryň netijesinde ýüze çykýarlar [7, 11]. 2014-nji ýylda Ýewropada we Demirgazyk Amerikada alyn ýürek fibrillýasiýasy ilatyň 2-3%-de bellenildi [1, 3, 16]. Alyn ýürek fibrillýasiýasy we tirpildemesi 112 müň adamlaryň birdenkä ölüminiň sebäpleri hökmünde kesgitlendi [6, 19]. Hassahana ýerleşdirilen COVID-19 bilen kesellän näsaglaryň köpüsinde wirusyň miokardy zeperlemegi sebäpli, aritmiýalar keseliň agyr geçişine we ýokary ölümçiligine getirdi [9].

Aritmiýalar köp patogenetik mehanizmleri, şol sanda ýüregiň awtomatizminiň, gyjynmasynyň, ýygrylyşynyň, refrakterliginiň, geçirijiliginiň we aberrantlygynyň (impulsyň goşmaça ýollardan geçmeginiň mümkinçiliginiň) bozulmasy bilen bagly bolup durýarlar [2, 4, 12].

Tylla TAŇRYBERDIÝEWA
M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiýasy kafedrasy
Beýleki habarlar