"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Bitaraplyk – buýsanjymyz

Häzirki ajaýyp günlerde ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 28 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik bilen barýarys. Şanly Garaşsyzlyk, baky Bitaraplyk türkmen halkynyň hasyl bolan arzuwydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzda we dünýäde gülläp ösüşleriň binýadydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugruny, ýol-ýörelgesini kesgitleýär we äşgär edýär. Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda iri halkara guramalary bilen diňe bir özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen çäklenmän, eýsem, ilkinji nobatda, şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat jemgyýetçiliginde asudalyk syýasatyny öňe sürýän oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrunda tagalla edýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji we parahatçylyk söýüji agzybir halkymyzyň dünýäde at-abraýyny has-da belende göterýär, ynsanperwer ýörelgelerimizi dabaralandyrýar.

Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary we hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak, halkymyzyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmynyň gazanan baý tejribelerine esaslanýan kämil we ýokary derejeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär. «Arakadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda toýlar toýa ulaşýar. Şeýle dabaraly wakalaryň biri hem Balkanabat şäherinde ýerleşýän Balkan welaýat köpugurly hassahanasynyň durkunyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagydyr. Bu hassahana täze gurlan binalar toplumy bilen üsti ýetirilip, dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Balkan welaýat köpugurly hassahanasynyň 290 orunlyk 5 gatly binalar toplumy köptaraplaýyn ýokary derejeli lukmançylyk kömeginiň berilmegi üçin niýetlenilip, hassahanada anyklaýyş we maslahat beriş, kabul ediş, şöhle bilen anyklaýyş, hirurgiýa, trawmatologiýa, anesteziologiýa we reanimasiýa, oftalmologiýa, kardiologiýa, newrologiýa, terapiýa, toksikologiýa we gemodializ, fizioterapiýa, merkezleşdirilen barlaghana we beýleki bölümler hereket edýär.

Dowamly ortaky otitiň ýerli gaýra üzülmelerinde sitologiýa we mikrobiologiýa barlaglaryň netijeleri

Derýaguly RZAÝEW, Täçmyrat GARAÝEW, Mähri ANNABERDIÝEWA, Nefisa ORAKAÝEWA, Aman GELDIÝEW M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň gulak, burun, bokurdak keselleri, mikrobiologiýa kafedralary, Halkara ylmy-okuw merkezi Etiopatogenetik taýdan dowamly ortaky otitiň we onuň ýerli gaýra üzülmeleriniň (DOOÝGÜ) burnuň, burunýany boşluklaryň, damagyň gaýnaglama hadysalary bilen berk baglanyşyklydygy bellenilýär. Şol sebäpden ortaky gulaga «bäşinji burunýany boşluk» hem diýilýär. Olardaky ýerli gaýnaglama hadysalary bolsa birmeňzeşlikleri ýüze çykarýar [6, 12].

Staphylococcus aureus-yň antibiotiklere rezistentliginiň monitoringi

Bahar KAKABAÝEWADöwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi Mikroblara garşy dermanlara durnuklylygyň giňden ýaýramagy milli, sebitleýin we global derejelerde gaýragoýulmasyz çäreleriň geçirilmegini talap edýän göwrümi eýeledi. Şeýlelikde, mikroblara garşy derman serişdelerine durnuklylyk jemgyýetçilik saglygy goraýşyň düýpli halkara meseleleriniň biri bolmagynda galýar [1]. Mikroblaryň durnuklylygynyň epidemiologik gözegçiligini geçirmegiň maksady, ýokanjy has netijeli bejermegiň usullaryny işläp düzmekden we lukmançylyk amalyýetine girizmek üçin zerur bolan maglumatlary almakdan, ýerli, sebitleýin, milli we halkara derejesinde mikrob rezistentliginiň we onuň bilen baglylykda ýüze çykýan keselleriň öňini almakdan ybaratdyr.

Reproduktiw ýaşdaky zenanlarda ýatgy boýunjygynyň patologiýasyny ir anyklamagyň orny

Ogulşeker ANNAGYLYJOWAEnäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipesi keselçiligiň düýpli azaldylmagyna we ýaşaýşyň hiliniň gowulandyrylmagyna gönükdirilýän ulgamlaýyn häsiýetli çäreleri durmuşa geçirmegiň ýoly bilen raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak bolup durýar.

Gastroezofageal reflýuks keselini anyklamakda we bejermekde pH-metriýanyň ähmiýeti

Çaryýar ANNASÄHEDOW«Arçman» şypahanasy Gastroezofageal reflýuks keseli (GERK) iýmit siňdiriş ulgamynyň iň köp ýaýran keselleriniň biri hasaplanyp, orta hasap bilen dünýä ilatynyň 20% töweregi bu keselden ejir çekýär. GERK Demirgazyk Amerikada (28%-e çenli), Ýewropada (26%-e çenli) we günorta-gündogar Aziýa döwletlerinde (33%-e çenli) köp duş gelýär, Russiýada uly ýaşly ilatyň 13,3%-e çenlisinde ýüze çykaryldy. GERK (turşulyk reflýuksy) aşgazan boşlugyndaky suwuklygyň we aşgazan kislotasynyň gyzylödege zyňylmagy netijesinde döreýän keseldir [3, 6]. Gyzylödek damak bilen aşgazany birleşdirýän agza bolup, häzirki zaman düşünjelerine görä, GERK-e gyzylödegiň we aşgazanyň motorikasynyň ilkinji bozulmasy hökmünde seredilýär. Uzak wagtlap dowam edýän reflýuks ezofagitiň netijesi striktura, metaplaziýa, gyzylödegiň täze döremesine sebäp bolup biler. GERK diňe bir lukmançylyk meselesi bolman, eýsem, ol sosial meselesine hem degişli bolup durýar, ýagny näsaglaryň köpüsi işe ukyply adamlar bolup durýar. Üstünlikli bejergi näsagyň keselini wagtynda kesgitlenmegidir [4, 9].

Çagalarda anorektal doga kemislikleriň hirurgiki bejergisiniň netijeleri we operasiýadan soňky dikeldiş çäreleri

Täzegül SARYÝEWA, Toýly MEŇLIÝEW, Gülbahar GELDIÝEWA, Juma JUMAÝEWM.Garryýew adynaky TDLU-nyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi Edebiýat çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, anorektal doga kemislikler bäbeklerde 1:500-den 1:4000-e çenli ýagdaýlarda duş gelýär, çagalaryň proktologiki keselleriniň içinde bolsa 85%-ni tutýar [1, 4].

Ehinokokkoz keseliniň epidemiologiki aýratynlyklary

Maksat GELDINAZAROW, Aşyrmyrat HOJAMYRADOW, Gurbanjahan ALOWOWAArkadag şäheriniň we Ahal welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň esasy wezipeleri ýurdumyzy ýokanç we parazitar kesellerinden gorap saklamak we bu keselleriň döremezliginiň öňüni almak boýunça uly işler amala aşyrýar [1].

Arterial gipertenziýanyň şypahana bejergisi

Orazgylyç ORAZGYLYJOW, Kerim BABAÝEW, Agajan REJEBOWM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň bejeriş bedenterbiýesi, saglygy dikeldiş we sport lukmançylygy kafedrasy, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy, «Bagabat» şypahanasy Ýürek damar keselleri (ÝDK) – ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň köpüsinde ölümçiligiň esasy sebäbi bolmagynda galýar. ÝDK-nyň döremegine we progressirlemegine uly täsir edýän howply şertleriň biri arterial gipertenziýa (AG) bolup, ol häzirki döwürde örän wajyp lukmançylyk-durmuş meselesi bolmagynda galýar [20].

Ýürek transplantasiýasynyň soraglary

Rejepmyrat ALYÝEW Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy Ýürek damar kesellerinden (ÝDK) dünýäde köp sanly näsaglar ejir çekýärler, olaryň arasynda dowamly ýürek ýetmezçiligi (DÝÝ) sebäpli, ýygy-ýygydan hassahana şertlerinde bejergide bolýan näsaglaryň sany ýyl-ýyldan artýar [6, 14]. Ýürek transplantasiýasyndaky (ÝT) öňegidişlikleriň ähmiýeti, DÝÝ-ne sebäp bolýan ýürek keselleriniň giňden ýaýramagy we netijede tapgyrlaýyn bejergä mätäç DÝÝ-li näsaglaryň köpüsinde ÝT-niň soňky saýlama hirurgiki bejergisi bolup hyzmat edýändigi mälimdir. DÝÝ-niň häzirki zaman radikal hirurgik bejergisi bolsa ýüregiň transplantasiýasydyr.

Böwrek daş keseliniň toplumlaýyn bejergisinde mekgejöwen gulpagynyň ähmiýeti

Jeýhun ÝAZYÝEWM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň urologiýa okuwly fakultet hirurgiýa kafedrasy Böwrek daş keseli (BDK) – häzirkizaman urologiýanyň esasy meselesi bolmak bilen, urologik keselleriň arasynda duş gelýän ýygylygy boýunça piýelonefritden soň ikinji orunda durýar. Şeýle näsaglar urologik kesellileriň 30-50%-ni tutýar. BDK bilen keselleýjilik Ýer şarynyň hemme regionlarynda gabat gelip, ol erkeklerde, aýallarda we islendik ýaşdaky adamlarda, hatda çagalarda hem ýüze çykyp, adamlaryň, esasan, zähmete ukyply, ýagny 30-50 ýaş aralygynda has ýygy duş gelýär. BDK-nyň ýaýraýjylygy Ýer şarynyň ähli regionlarynda birmeňzeş däldir, sowuk howaly demirgazyk regionlarda seýregräk duş gelýär, tersine, yssy howaly regionlarda köp duş gelýär. Şeýle-de, BDK bilen keselleýjilik Aziýada 1-5%-e, Ýewropada 5-9%-e, Demirgazyk Amerikada 13%-e, Saud-Arabystanda 20%-e çenli duş gelýär [2, 5]. BDK bilen keselleýjiligiň ýylsaýyn artmagy bu patologiýanyň wajyplygyny has-da artdyrýar.

Garaşsyzlyk – mukaddeslik

1991-nji ýylyň güýzünde mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolup, sanlyja ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň dünýäde iň abraýly döwletleriň birine öwrülmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary esasynda hemişelik Bitaraplyk derejesi berlen ýurt hökmünde resmi taýdan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet hasaplanylmagy, ähli başlangyçlary biragyzdan goldanylýan sebit hökmünde Türkmenistanyň dünýäde iň abraýly döwletleriň birine öwrülmegi ýurt Garaşsyzlygymyzyň miweleridir. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň başarnygyny, mertebesini, döwleti dolandyrmakdaky nusgalyk işlerini älem-jahana ýaýdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini bu gün bütin dünýä görýär we ykrar edýär. Bagtyýar halkymyz uly şatlyk-şowhun bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygyny uludan baýram edýär. Halkymyz agzybirlikde, jebislikde Garaşsyzlyk baýramyny täze zähmet üstünlikleri, bitirilen beýik işler bilen garşy alýar.

Döwletli maslahat ösüşleriň binýady

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ruhubelent halkymyzyň her güni rowaçlyklara beslenip, toýlarymyz toýa ulaşýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly däplere, halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerine eýerilip guralan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem muňa şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe berkarar Watanymyzyň özbaşdak ösüş ýoluna düşen ýyllarynda gazanylan üstünliklere, ýetilen sepgitlere baha berildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrüldi. Onda seredilen meseleler we kabul edilen çözgütler taryhy ähmiýetliligi bilen uly goldaw tapdy. Maslahatda ýurdumyzyň ösüşleri hakynda giňişleýin beýan edildi we geljek ýyllarda amala aşyrylmaly işler dogrusynda durlup geçildi, möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Saglygym — baş baýlygym

Eziz Diýarymyzda 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden baýram edilýär. Bu günki gün halkymyzyň rowaçlygy baradaky aladany esasy ugur edinýän Türkmenistan dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýär.

But süňküniň kellejiginiň aseptiki nekrozy

Atageldi GERMANOW Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

Görüş nerwiniň intrakranial bölüminiň inwolýusion üýtgemeleriniň deňeşdirme morfologiýasy

Aýjemal ORAZALYÝEWA, Gurban PIRLIÝEW, Aman GELDIÝEW, Jahan LAMANOWA, Merdan SÜLEÝMANOW M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň Ylmy-barlag merkezi, Merkezi kazyýet lukmançylyk edarasy, Halkara okuw-ylmy merkezi

Bagryň kistalarynyň tapawutlandyrylyş aýratynlyklary

Nazar GARRYÝEW, Gylyçdurdy GURBANBERDIÝEW, Serdar MÄMMETÝAZOW S.A.Nyýazow adyndaky BMBM, M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň hirurgiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy

Dürli derejeli dewiasiýaly daş taraplaýyn göz çaşylygynyň hirurgik bejerilişine tapawutlandyrylan çemeleşme

Aýgözel GUDRATULLAÝEWA Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi

Çagalarda miopiýanyň gaýra üzülen akymynyň prediktorlaryny anyklamakda ýokary tehnologiýaly usullaryň ähmiýeti

Gurban KARANOW, Güljamal EZIZOWA, Suraý ABDYÝEWA, Maýsa NAZGYLYJOWA, Aýlar PENAÝEWA M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň göz keselleri kafedrasy, Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi

Dowamly böwrek ýetmezçilikli näsaglarda meýilleşdirilen gemodializ üçin hemişelik gan damar girelgesi

Sapargeldi MÄTNEPESOW, Nurmyrat ÇONANOW, Mubarak MURATOWA, Mekan REJEPOW M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň gospital hirurgiýasy kafedrasy, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana