Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ruhubelent halkymyzyň her güni rowaçlyklara beslenip, toýlarymyz toýa ulaşýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly däplere, halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerine eýerilip guralan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem muňa şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe berkarar Watanymyzyň özbaşdak ösüş ýoluna düşen ýyllarynda gazanylan üstünliklere, ýetilen sepgitlere baha berildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrüldi. Onda seredilen meseleler we kabul edilen çözgütler taryhy ähmiýetliligi bilen uly goldaw tapdy. Maslahatda ýurdumyzyň ösüşleri hakynda giňişleýin beýan edildi we geljek ýyllarda amala aşyrylmaly işler dogrusynda durlup geçildi, möhüm wezipeler kesgitlenildi.