Tejribede trombositlere baýlaşdyrylan plazmanyň gyzylödegiň ýanygyndan soňky nagralanmagynyň öňüni almakdaky täsiri
Garabeg GOŞAÝEWM.Garryýew adyndaky TDLU-nyň ylym bölümi Trombositlere baýlaşdyrylan plazmanyň (TBP) kliniki amalynda ulanylmagy häzirki zaman regeneratiw lukmançylygynyň wajyp gazananlarynyň biridir. Ylmyň bu ugry soňky birnäçe ýylyň dowamynda işjeň kämilleşýär. Munuň netijesinde, TBP lukmançylygyň dürli ugurlarynda ulanylyp başlandy. TBP kombustiologlaryň, kosmetologlaryň, stomatologyň, ortoped-trawmatologlaryň, urologlaryň, umumy hirurglaryň we lukmançylygyň beýleki köp ugurlarynda kliniki tejribede üstünlikli ulanylýar. Häzirki wagtda dürli keselleri bejermekde TBP-ni ulanmak üçin ýeterlik subutnama we ylmy esas bar [1, 5]. Emma TBP-niň köp ulanylýandygyna garamazdan, onuň kliniki täsiri köpdürlüligi bilen tapawutlanýar [2, 6]. Çünki TBP adamyň dermal fibroblastlarynyň köpelmegine itergi berip bilýär we in-vitro görnüşindäki kollageniň I görnüşiniň sintezini artdyryp bilýär. Şeýle-de, gistologiki maglumatlara görä, TBP deriniň içine we deriasty gatlagyň dokumalaryna sanjym edilende, fibroblastyň işjeňleşmegine, täze kollageniň çökmegine we täze gan damarlarynyň döremegine sebäp bolýar [3, 5]. Soňky ýyllar TBP-niň ergini zeperlenen ojaga oňaýly täsir ýetirýänligi, bejerginiň hilini ýokarlandyrýanlygy barada maglumatlar bar, emma onuň gyzylödegiň nagraly daralmalaryna ýetirýän täsiri barada edebi çeşmelerde maglumatlara duşmadyk [4, 7, 8].