Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, halkara guramalar bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, pudagyň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar, innowasion tehnologiýalar, lukmançylyk ulgamyndaky öňdebaryjy dünýä tejribesi işjeň ornaşdyrylýar.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda ilatyň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasaty derejesine göterilmegi saglygy goraýyş işgärlerine halkymyza hyzmat edip, ak ýürekden zähmet çekmäge itergi berýär hem-de olaryň öňünde uly wezipeleri goýýar. Bu günki gün halkymyzyň rowaçlygy baradaky aladany esasy ugur edinýän Türkmenistan dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýär.