Мaýa KAKAGELDIÝEWA
Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy
Gipotireoz – bu galkan şekilli mäziň işleýşiniň peselmegi zerarly bedende tireoid gormonlaryň ýetmezçiligi bilen şertlenen ýagdaýdyr. Gipotireoz sindromynda funksional bozulmalar patologik destruktiw esasda emele gelýär, ol bolsa, hususan, gipotireozynyň netijesinde bolşy ýaly, bilelikde geçýän iç keselleriň netijesi hökmünde hem emele gelýär. Iň köp ýaýran bilelikde geçýän keseller ýürek-damar, iýmit siňdiriş ulgamlarynyň we daýanç-hereket ulgamynyň keselleridir [1, 4, 7].