Diýarymyz berkarar — zamanamyz bagtyýar

9 Fewral 2024
723

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze ýylymyzyň gelmeginiň öňýanynda halkymyza we dünýä jemgyýetçiligine «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabyny sowgat etmegi ýatdan çykmajak taryhy waka boldy.

Bu eserde ýaş nesliň wekilleriniň durmuşymyzda we jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilýär. Hormatly Prezidentimiz şeýle diýýär: «Türkmenistan ýaş nesillere aýratyn üns berilýän ýurtdur. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillerdir». Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekdäki beýik işleriniň döwrebap ösdürilýändiginiň mynasyp waspy bolan bu ajaýyp eser ýaşlarymyzyň gujur-gaýratyny ýaşulularymyzyň tejribesi bilen utgaşdyrmakda gymmatly gollanma boldy.

Beýleki habarlar