Nargözel MYRATNAZAROWA, Aýsoltan TEŞÄÝEWA, Täçmyrat DURDYÝEW, Dünýägözel GYLYJOWA
M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň farmasiýa kafedrasy,
«Türkmendermansenagat» birleşigi
Türkmenistanda ylmy lukmançylykda buýan köp ýyllaryň dowamynda dürli keselleri bejermekde ulanylýar. Ylmy işlerde buýanyň sowuklama, süýjüli diabete, kanserlere garşy, antiwirus, antibakterial, antioksidant, immunomodulýator, sitoprotektiw, gastroprotektiw, gepatoprotektiw, neýro we kardioprotektiw täsirleriniň bardygy bellenilýär. Häzirki zaman lukmançylygynda buýanyň kökünden taýýarlanylýan dermanlyk serişdeler dem alyş ýollarynyň kesellerinde, gakylyk gopduryjy, üsgülewüge garşy serişde hökmünde hem-de aşgazan-içege kesellerini bejermekde giňden ulanylýar [1-3].