"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Injiriň şiresiniň antibakterial işjeňligini kesgitlemek

Nargözel MYRATNAZAROWA, Muhammetguly ATAGARAÝEW, Gülnar MYRATGELDIÝEWA, Irina WYSOTINA M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň farmakologiýa kafedrasy, Halkara okuw-ylmy merkezi

Aortanyň koarktasiýasynyň endowaskulýar bejergisiniň netijeliligi

Sona ANNANIÝAZOWA, Bahram KADYROW, Bahargül ŞYHNAZAROWA, Parahat GAÝYPJANOW Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezi

Arkadagyň serpaýy

Ýurdumyzda bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň ХV jildi halkymyza gowuşdy. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işinde türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa barada söhbet acylyp, dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Bu ylmy işde ýerli dermanlyk otlaryň birnäçe görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygymyzy ösdürmek bilen pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini jemleýän nusgasyny döretdi.

Kitap — ruhy hazyna

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň çap edilmegi mynasyp sowgat boldy. Arkadag şäheriniň açylmagyna bagyşlanan neşirde döwrebap şäheriň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlaryň, täze binalaryň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berýän fotosuratlar bilen utgaşdyrylmagy aýratyn özüne çekijidir. Bu kitap ýurdumyzyň ösüşleriniň taryhy senenamalarynyň ýene-de bir sahypasy bolup, ähli raýatlarymyz, şol sanda ýaş nesillerimiz üçin gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik arhitektorçylyk paýhasynyň dürdäneleri siňen bu ajaýyp eseriň üç dilde çap edilmegi halkymyzyň Arkadagymyza bolan buýsanjyny dünýä ýaýýar. Kitapda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen ata Watanymyzyň milli binagärliginiň ajaýyp nusgasy Arkadag şäherinde «akylly» tehnologiýalaryň ähli mümkinçilikleri ornaşdyrylan ýaşaýyş-durmuş we gulluk maksatly döwrebap desgalar, görnükli şahsyýetleriň hormaty, röwşen geljegimiz barada berilýän täsirli maglumatlar ýurdumyzyň barha artýan ykdysady we medeni kuwwaty barada buýsançly duýgulary döredýär.

Bu binalar — Arkadagyň paýhasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler türkmen halkyny buýsandyrýar. Milli Liderimiziň gurmak, döretmek sungatynyň netijesi bolan Arkadag şäherimiz türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady kuwwatyny nobatdaky gezek açyk äşgär etdi. Beýik ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkynyň durmuşynda taryhy wakalaryň biri hem täze, döwrebap şäheriň açylyş dabarasydyr. Bu döwlet ähmiýetli şäheriň döwrebap infrastrukturasy milletiň ruhy dünýäsininiň, medeni gymmatlyklarynyň, döredijilik ukyplarynyň we ýurdumyzyň ýeten sepgitleriniň sazlaşygyny özünde jemleýär. Arkadag şäheri ýurdumyzyň iň gözel we ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwrüldi. Gurlan binalaryň daşky gözelligi bilen bir hatarda olaryň howpsuzlygyna, amatlylygyna, ekologiki ýagdaýlaryna aýratyn üns berildi. Bu ýerde adamlaryň zähmet çekmegi, döwrebap dynç almagy, ýaşamagy, bilim almagy babatda ähli şertler döredilen. Arkadag şäheri türkmeniň nurana niýetleriniň, geljege bolan ajaýyp ynam-arzuwlarynyň hasyl bolýan säheri bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda gurlan bu täze şäher ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň ajaýyp nyşanydyr. Arkadag şäheri ýurdumyzyň iň gadymy, gözel künjekleriniň birinde gurlup, täze binagärlik

Reproduktiw ýaşdaky aýallaryň ýumurtgalyklarynyň patologiýalarynyň ýygylygy

Häzirki zaman ginekologiýasynyň iň derwaýys meseleleriniň biri, ýumurtgalyklaryň howply täze döremelerden öňki ýagdaýlary we howply däl täze döremelerini reproduktiw ýaşyndaky aýallarda öz wagtynda anyklamakdyr [2]. Keseliň başlangyç döwürlerinde alamatsyz geçýändigini we doly anyklaýyş algoritimleriniň ýoklugyny göz öňünde tutsak, köplenç, bu patologik ýagdaýlar irki döwürde ýüze çykarylmaýar we bejergi agza aýyrmak operasiýalary arkaly amala aşyrylýar, bu bolsa diňe bir lukmançylyk meselesi bolman, eýsem, sosial ähmiýetli mesele bolup durýar [4, 5, 8, 11]. Häzirki wagtda ginekologik keselleriň düzüminde reproduktiw bozulmalaryň öňüni almak we azaltmak maksady bilen alymlar tarapyndan iň amatly usullaryň işlenip düzülmegi işjeň alnyp barylýar [3, 7]. Ýumurtgalyklaryň täze döremeleriniň morfologiki alamatlarynyň giň gerimini we bu patologiýanyň, köplenç, oňaýsyz netijeliligini göz öňünde tutup, kesel kesgitlemesini irki döwürlerde takyklamak, bolaýjak gaýra üzülmeleriň töwekgelçiligini we keseliň geçişiniň dinamikasyny çaklamak zerurlygy möhüm mesele bolup galýar. Ýumurtgalyklaryň keselleriniň ýygylygy we giňden ýaýranlygy häzirki zaman lukmançylygynyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Ýumurtgalyklaryň täze döremeleri özleriniň morfologiki gurluşy we gistogenezi boýunça köpdürli bolýarlar, bu bolsa olaryň soňky kiliniki akymyny we bolaýjak netijelerini kesgitleýär [9, 14].

Sportuň görnüşine baglylykda türgenleriň ýürek gan-damar ulgamynyň funksional ýagdaýy

Häzirki döwürde ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak we ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygyny uzaltmak bilen bir hatarda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan saglyk syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şonuň üçin ýokary derejeli sport üstünlikleri gazanmak maksatly türgenleri taýýarlamagyň hiline ylmy taýdan çemeleşme meselesine sport fiziologiýasynda we sport lukmançylygynda uly üns berilýär. Türgenleşme hadysasyna türgen bedeninde döreýän uýgunlaşma jogaby sport ussatlygynyň gazanylmagyna we onuň kämilleşmegine ýardam berýär [7]. Fiziki ýüklenmelere garşy döreýän hem-de sportuň dürli görnüşlerinde öz fiziologiki gymmatlylygy we netijeliligi bilen tapawutlanýan uýgunlaşmagyň umumy strategiýasy bedeniň uýgunlaşma jogabyna gatnaşýan ulgamlaryň funksional ýagdaýyna, olaryň çylşyrymlylygyna we ösüş derejesine baglylykda emele gelýär [3].

Göwreliligiň dowamynda zenanlaryň iýmitlenme statusy bilen bedeniniň uýgunlaşma mümkinçilikleriniň arabaglanyşygy

Göwrelilik – zenan bedeninde bolup geçýän hem-de göwredäki çaganyň kadaly ösmegini we dünýä inmegini üpjün edýän kadaly fiziologiki hadysadyr. Göwrelilik döwründe birnäçe ýüze çykýan özgermeler enäniň we göwredäki ösüp barýan çaganyň arasynda sazlaşykly arabaglanyşygy döretmäge gönükdirilendir, bu fiziologiki özgermeleriň derejesi bolsa, göwreliligiň möhletine we göwredäki çaganyň agramyna bagly bolup durýar [1, 6]. Bu uýgunlaşma häsiýetli üýtgemeler düwünçegiň ösmegine we kämilleşmegine has amatly şertleri döredip, zenan bedeniniň göwrelilige kadaly uýgunlaşýandygyny şöhlelendirýär [2, 5, 7]. Belli bolşy ýaly, esasy iýmit maddalar boýunça sazlaşdyrylan rejeli iýmitlenme adam bedeniniň uýgunlaşma mümkinçiliklerini üpjün edýän esasy faktorlaryň biri bolup çykyş edýär [12]. Şonuň üçin göwreli zenanlaryň iýmitlenme statusyna baglylykda, bedeniň funksional ýagdaýynyň öwrenilmegi alymlar tarapyndan uly gyzyklanma döredýär [9, 10]. Muňa garamazdan, ylmy edebiýatda dürli (ýokumlygy pes, adaty, ýokary) iýmitleniş tertibindäki göwreli zenanlaryň bedeniniň uýgunlaşma we ätiýaçlyk mümkinçiliklerine täsir edýän alimentar faktorlaryna bagyşlanan makalalar tapylmady. Bu ylmy gözlegleriň Türkmenistanda hem geçirilmändigi ylmy işiň alnyp barylmagyna ýardam berdi.

Keratitiň bejergisinde bandaž linzasy bilen plazmanyň utgaşdyrylyp ulanylmagynda gözüň buýnuz bardasynyň epiteliýasynyň regenerasiýasyna baha bermek

Göz almasynyň buýnuz bardasynyň keselleri görşüň peselmegine, körlüge, gözüň heläk bolmagyna eltýän sebäpleriň iň ähmiýetlileriniň biri bolmagynda galýar. Näsaglaryň 25-den 75%-e çenlisinde gözüň buýnuz bardasynyň keselleri görşüň peselmegi, käbir ýagdaýlarda bolsa doly körlük bilen gaýra üzülýär [2]. Buýnuz bardanyň bütewiliginiň we durulygynyň bozulmagyna eltýän etiopatogenetik faktorlar örän köp görnüşli bolup bilýärler: gaýnaglama keselleri, gözüň şikesleri, distrofiki üýtgemeler we olaryň gaýra üzülmeleri, dürli derejedäki waskulýarizasiýa, perforasiýa hadysalary. Geçirilýän bejerginiň kynçylyklary we köplenç, bejerginiň netijesiz bolmagy gözüň buýnuz bardasyna dürli faktorlaryň täsirinde onuň regenerasiýasy bilen bagly meseläniň wajyplygyny şertlendirýär. Buýnuz bardanyň bütewiliginiň dikelmeginde onuň öňki epiteliý gatlagy wajyp orunlaryň birini eýeleýär. Buýnuz bardanyň reparatiw hadysasynyň dowamynda öňki epiteliýanyň morfofunksional üýtgemeleri baradaky maglumatlaryň ýeterlikli däldigi, patogenetiki esaslandyrylan bejergi usullaryň işlenip taýýarlanylmazlygy öňki epiteliýanyň regenerasiýadaky ähmiýetiniň öwrenilmeginiň zerurlygyny esaslandyrýar.

Antiaterogen bejerginiň täsirlilik indeksi

Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda ateroskleroz we onuň bilen baglanyşykly keseller maýyplygyň we ýokary ölümçiligiň esasy sebäbi bolup durýar [2]. Bilermenleriň pikiriçe, ýüze çykýan bu amatsyz ýagdaý aterosklerozyň töwekgelçilik faktorlarynyň ýaýramagynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly bolup, olaryň arasynda öňdebaryjy orny dislipidemiýa eýeleýär [5]. Dislipidemiýanyň esasy patofiziologik ornunyň endotelini proaterogen badalgalamak we onuň disfunksional ýagdaýyny ýüze çykarmak bilen baglydygy mälimdir [7]. Netijede, beýleki wazotoksiki komponentler bilen sinergiýada endoteliýiň zeperlenmegi ateroskleroz hadysasynyň ösmegine goşant goşýar [9]. Lukmançylyk amalyýetinde ulanylýan we kadada 3,4 şertli birlige (ş.b.) deň bolan HS PDLP/HS ÝDLP, şeýle hem 3,8 ş.b. deň bolan UHS/HS ÝDLP gatnaşyklary häsiýetlendirýän koeffisiýentler koronar aterosklerozyň çäklerinde lipidemiýany ýüze çykarman hem biler [1, 6]. Munuň sebäbi ýüregiň işemiýa keseli (ÝIK) bolan näsaglaryň köpüsinde diňe bir umumy holesteriniň (UHS) we pes dykyzlykly lipoproteinleriň (PDLP) derejesiniň däl, eýsem, ýokary dykyzlykly lipoproteinleriň (ÝDLP) konsentrasiýasynyň hem ep-esli ýokarlanýandygy bilen baglanyşyklydyr [3]. Bu ýagdaý aterosklerotik hadysanyň ösüşine we oňa täsir edýän faktorlara, esasan, olara başlangyç döwürde baha bermek üçin düýpgöter täze görkezijileri işläp düzmegiň zerurdygyny görkezýär.

Başlangyç ilkinji keratoektaziýalarda fotorefraksion keratektomiýa bilen korneal kollagen krosslinkingiň netijeliligi

Keratokonusyň (KK) we duş gelşi boýunça ikinji ýerde durýan keratoektaziýanyň görnüşi bolan pellýusid marginal degenerasiýanyň (PMD) irki anyklanyşy we bejergisi oftalmologiýada möhüm mesele bolup, onuň, esasan, ýetginjeklerde we ýaş, işe ukyply adamlarda agdyklyk edýändigi, köplenç, körlüge, görüş boýunça maýyplyga sebäp bolýandygy bilen şertlenýär [1, 6, 8]. Häzirki wagtda bu patologiýalary bejermekde täze korneal kollagen krosslinking (KKL) usuly girizildi [2, 12, 13]. Dürli görnüşli keratoektaziýalaryň patogenetik bejergisi hökmünde ykrar edilen KKL usulynda stromal süýümleriň fotopolimerazasiýasy kesgitli uzynlykly ultramelewşe şöhläniň we 0,1% riboflawiniň täsiri bilen ýerine ýetirilýär [9]. Netijede, ektaziýaly buýnuz perdäniň biohimiki taýdan berkligi, emele gelýän kowalent arabaglanyşygyň esasynda kollagen süýümleriniň çekilmeginiň we buýnuz perdäniň gatlaklarynyň dykyzlanmagynyň hasabyna güýçlenýär [10]. Soňky ýyllarda KKL bilen birlikde birnäçe korreksiýa usullaryny utgaşdyryp geçirmeklik hödürlenýär [3-5]. KKL ametropiýada az täsirli bolýar. Şol sebäpli ametropiýa introstromal halka goýmak, introokulýar linzalary oturtmak we fotorefraksion keratektomiýa (FRK) emelini geçirmek arkaly korreksiýa edilýär [5, 7]. Şolaryň arasynda az şikesli, howpsuz, emelden soňky refraksiýanyň netijesini çaklamaga mümkinçiligi ýokary bolan FRK bilen KKL usullarynyň utgaşdyrylyp ulanyl

Ulgamlaýyn gyzylgurt keselini anyklamagyň aýratynlyklary

Ulgamlaýyn gyzylgurt (UGG) – bu näbelli sebäpli, içki agzalaryň dokumalarynyň alawlama zeperlenmegi we dürli öýjük komponentlere antitelolaryň öndürilmeginiň ýokarlanmagy bilen häsiýetlenýän dowamly autoimmun keselidir [4-6]. Dürli maglumatlara görä, UGG-nyň ýaýramagy 100 müň ilatyň 30-250 adamsynda duşýar.

Öýkeniň köp kistaly gaýra üzülen ehinokokkozynyň kiçi kesimli torakotomiýa usulda bejergisi

Iki öýkeniň köp kistaly (4-den köp) ehinokokkozynyň bronha we plewral boşlugyna ýarylymagy, gidropnewmotoraks ýaly gaýra üzülmesi 1,3%-de duşýar we näsagyň umumy ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýar [1, 4]. Operatiw bejerginiň az zeperli usulda amala aşyrylmagy torakal hirurgiýada geçirilýän bejerginiň netijeliligini ýokarlandyrýar [2, 5].

Krukenbergiň täze döremesi

Krukenbergiň täze döremesi (metastazy) – bu aşgazanyň, içegäniň, öt haltanyň we aşgazanasty mäziniň täze döremeleriniň bir ýa-da iki ýumurtgalyga metastaz bermegine aýdylýar [1, 2, 6]. Ilkinji gezek bu kesel 1896-njy ýylda F. E. Krukenberg tarapyndan beýan edildi. Häzirki wagtda Krukenbergiň metastazy (KM) ýumurtgalyklaryň ähli täze döremeleriniň arasynda 5-10% ýagdaýlarda bellenilýär. KM, esasan, aşgazan-içege ýollarynyň we öt haltanyň täze döremeleri bilen orta hem uly ýaşly aýallarda duş gelýär [3-5].

Halkyň saglygynyň goragynda

Arkadag şäheriniň açylyş dabaralarynyň yzysüre bu döwrebap şäheriň kaşaň binalarynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň ugurlaryna degişli birnäçe forumlardyr halkara ylmy maslahatlar geçirildi. Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasynyň halkara maslahatynyň geçirilmegi «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreleriň dowamyna öwrüldi. Foruma ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, professorlar, mugallymlar, daşary ýurtly myhmanlar — kompaniýalaryň wekilleri, Germaniýanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Türkiýäniň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy hassahanalarynyň, institutlarynyň professorlary we hünärmenleri gatnaşdylar. Arkadag şäheri jemgyýetçilik saglygyny goraýyşda öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary, şol sanda sanly lukmançylygy üstünlikli ornaşdyrmak babatda görülýän düýpli çäreleriň aýdyň görkezijisidir. Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «KTQ International GmbH» kompaniýasynyň şahadatnamasynyň, şeýle hem «Phillips» enjamlary bilen üpjün edilen sebitiň ýokary tehnologiýaly hassahanasy» atly güwänamanyň berilmegi munuň subutnamasydyr.

Tomus: düzgünleri berjaý ediň!

Tomus — dynç alşyň, gezelençleriň, dürli miwedir gök önümleriň ýetişýän döwri. Dynç alşyň lezzetli, gezelençleriň gyzykly bolmagy üçin bolsa, ilki bilen, janymyz sag bolmaly. Hut şonuň üçin hem tomsuň yssy günlerinde saglygyňy durnukly saklamak, kesellerden goranmak esasy wezipe bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli.

Milli döwletlilik binýady

Halkymyz her ýylyň 18-nji maýynda eziz Diýarymyzyň şanly senesini — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi giňden hem-de dabaraly ýagdaýda belleýär. Bu bolsa türkmen halkynyň jebisligini hem-de parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent maksatlaryna hemişe ygrarlydygyny görkezýär. Baýdak we Konstitusiýa her bir döwletiň garaşsyzlygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddesliklerdir. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi bu iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzda Esasy Kanun bolup durýar. Hut şonuň üçin Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýedir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygy kepillendirilýär.

Şan-şöhratly Diýarym

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Köpetdagyň eteginde täze Arkadag şäheriniň kemala gelmegi Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň üpjün edilip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň, onuň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyna, durmuş ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. «Akylly şäher» konsepsiýasy boýunça gurulýan bu häzirki zaman şäheri ýaşaýyş üçin döredilýän iň ýokary amatlyklary, öňdebaryjy durmuş şertleri bilen haýran galdyrýar. Arkadag şäheri Diýarymyzyň iri ylym-bilim, medeni we halkara merkezine öwrüler. Onuň gurluşygynda binagärligiň öňdebaryjy usullary, «akylly» şäher konsepsiýasynyň kadalary, «ýaşyl» tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Döwrebap şäheriň binagärlik keşbinde milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri hem öz beýanyny tapýar. Arkadag şäherinde «akylly» şäher konsepsiýasyny netijeli durmuşa geçirmek üçin şäheriň edaralarynyň dünýäniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilmegine, olarda ilata edilýän hyzmatlaryň derejesiniň ýokary halkara ülňülere laýyk getirilmegine, sazlaşykly işlemegine, sanly ulgamlaryň we täzeçil usullaryň hem-de halkara tejribäniň ornaşdyrylmagyna, ekologiýa talaplarynyň berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň teklipleri nazara alnyp, «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işle

Halkara hyzmatdaşlyk pugtalanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyz dünýäde oňyn daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär, goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Dünýä ýurtlary we goňşy döwletler bilen dostlukly syýasaty alyp barýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şu ýylyň 10-11-nji maýynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyrylan döwlet sapary beýik maksatlardan gözbaş aldy. Şu ýyl Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolmagy bu waka has-da uly ahmiýet berdi. Milli Liderimiziň başlangyçlary we Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan açyk gapylar syýasaty esasynda halkara gatnaşyklarynda hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda parahatçylygy ilerletmekde uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýylyň dolan ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň Täjigistan Respublikasyna saparynyň amala aşyrylmagy işjeň diplomatik gatnaşyklaryň alnyp barylýandygynyň ýene-de bir subutnamasy bolup durýar.

Lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň iýmitlenme stereotiplerine baglylykda bedeniň ýürek gan-damar ulgamynyň uýgunlaşma we ätiýaçlyk mümkinçilikleri

Sagdyn durmuş ýörelgeleriň esasy görnüşlerine degişli bolan sagdyn iýmitlenme fiziki işjeňlilik bilen bilelikde adam bedeniniň kadaly ösüşini, kämilleşmegini, ýaşaýşa ukyplylygyny üpjün edip, saglygyň berkidilmegine ýardam berýär [11]. Iýmitlenmäniň häsiýeti adamyň akyl-paýhasyna, ýatkeşligine we fiziki hereketliligine belli bir derejede täsir edýär. Bu täsir ýaşlyk döwründe has hem aýdyň bildirýär [7]. Adamyň iýmitlenme statusynda ýüze çykýan bozulmalar şahsy we jemgyýetçilik saglygyna oňaýsyz täsir edip, giç anyklanylýan we kynçylyk bilen bejerilýän alimentar bagly keselleriň döremegine getirýär. Bu bozulmalaryň has ýaýran görnüşleriniň anyklanylmagy bolsa, hakyky iýmitlenmegiň öwrenilmegi arkaly amala aşyrylýar [8, 10]. Тalyplaryň iýmitlenme meselesiniň öwrenilmegi öz ähmiýetliligini ýitirmeýär [9]. Talyplar uzakly gün okuwda bolup, köp wagtyny nazary we amaly sapaklarda, kitaphanalarda we kompýuter otaglarda, anatomiýa sapaklara özbaşdak taýýarlanyşlarda ýa-da hassahanalaryň bölümlerinde, gijeki nobatçylykda geçirýärler. Netijede, olarda döreýän nädogry iýmitlenme stereotipler ýaş bedeniň uýgunlaşma mümkinçiliklerine ýaramaz täsir edýär [13, 16].