Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyz dünýäde oňyn daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär, goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar.
Dünýä ýurtlary we goňşy döwletler bilen dostlukly syýasaty alyp barýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şu ýylyň 10-11-nji maýynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyrylan döwlet sapary beýik maksatlardan gözbaş aldy. Şu ýyl Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolmagy bu waka has-da uly ahmiýet berdi. Milli Liderimiziň başlangyçlary we Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan açyk gapylar syýasaty esasynda halkara gatnaşyklarynda hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda parahatçylygy ilerletmekde uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýylyň dolan ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň Täjigistan Respublikasyna saparynyň amala aşyrylmagy işjeň diplomatik gatnaşyklaryň alnyp barylýandygynyň ýene-de bir subutnamasy bolup durýar.