Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň çap edilmegi mynasyp sowgat boldy. Arkadag şäheriniň açylmagyna bagyşlanan neşirde döwrebap şäheriň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlaryň, täze binalaryň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berýän fotosuratlar bilen utgaşdyrylmagy aýratyn özüne çekijidir. Bu kitap ýurdumyzyň ösüşleriniň taryhy senenamalarynyň ýene-de bir sahypasy bolup, ähli raýatlarymyz, şol sanda ýaş nesillerimiz üçin gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik arhitektorçylyk paýhasynyň dürdäneleri siňen bu ajaýyp eseriň üç dilde çap edilmegi halkymyzyň Arkadagymyza bolan buýsanjyny dünýä ýaýýar.
Kitapda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen ata Watanymyzyň milli binagärliginiň ajaýyp nusgasy Arkadag şäherinde «akylly» tehnologiýalaryň ähli mümkinçilikleri ornaşdyrylan ýaşaýyş-durmuş we gulluk maksatly döwrebap desgalar, görnükli şahsyýetleriň hormaty, röwşen geljegimiz barada berilýän täsirli maglumatlar ýurdumyzyň barha artýan ykdysady we medeni kuwwaty barada buýsançly duýgulary döredýär.