Arkadag şäheriniň açylyş dabaralarynyň yzysüre bu döwrebap şäheriň kaşaň binalarynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň ugurlaryna degişli birnäçe forumlardyr halkara ylmy maslahatlar geçirildi. Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasynyň halkara maslahatynyň geçirilmegi «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreleriň dowamyna öwrüldi. Foruma ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, professorlar, mugallymlar, daşary ýurtly myhmanlar — kompaniýalaryň wekilleri, Germaniýanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Türkiýäniň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy hassahanalarynyň, institutlarynyň professorlary we hünärmenleri gatnaşdylar.
Arkadag şäheri jemgyýetçilik saglygyny goraýyşda öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary, şol sanda sanly lukmançylygy üstünlikli ornaşdyrmak babatda görülýän düýpli çäreleriň aýdyň görkezijisidir. Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «KTQ International GmbH» kompaniýasynyň şahadatnamasynyň, şeýle hem «Phillips» enjamlary bilen üpjün edilen sebitiň ýokary tehnologiýaly hassahanasy» atly güwänamanyň berilmegi munuň subutnamasydyr.