Krukenbergiň täze döremesi (metastazy) – bu aşgazanyň, içegäniň, öt haltanyň we aşgazanasty mäziniň täze döremeleriniň bir ýa-da iki ýumurtgalyga metastaz bermegine aýdylýar [1, 2, 6].
Ilkinji gezek bu kesel 1896-njy ýylda F. E. Krukenberg tarapyndan beýan edildi. Häzirki wagtda Krukenbergiň metastazy (KM) ýumurtgalyklaryň ähli täze döremeleriniň arasynda 5-10% ýagdaýlarda bellenilýär. KM, esasan, aşgazan-içege ýollarynyň we öt haltanyň täze döremeleri bilen orta hem uly ýaşly aýallarda duş gelýär [3-5].