Milli döwletlilik binýady

7 Iýun 2023
624

Halkymyz her ýylyň 18-nji maýynda eziz Diýarymyzyň şanly senesini — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi giňden hem-de dabaraly ýagdaýda belleýär. Bu bolsa türkmen halkynyň jebisligini hem-de parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent maksatlaryna hemişe ygrarlydygyny görkezýär. Baýdak we Konstitusiýa her bir döwletiň garaşsyzlygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddesliklerdir. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi bu iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzda Esasy Kanun bolup durýar. Hut şonuň üçin Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýedir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygy kepillendirilýär.

Beýleki habarlar