Keratitiň bejergisinde bandaž linzasy bilen plazmanyň utgaşdyrylyp ulanylmagynda gözüň buýnuz bardasynyň epiteliýasynyň regenerasiýasyna baha bermek

29 Iýul 2023
915

Göz almasynyň buýnuz bardasynyň keselleri görşüň peselmegine, körlüge, gözüň heläk bolmagyna eltýän sebäpleriň iň ähmiýetlileriniň biri bolmagynda galýar. Näsaglaryň 25-den 75%-e çenlisinde gözüň buýnuz bardasynyň keselleri görşüň peselmegi, käbir ýagdaýlarda bolsa doly körlük bilen gaýra üzülýär [2]. Buýnuz bardanyň bütewiliginiň we durulygynyň bozulmagyna eltýän etiopatogenetik faktorlar örän köp görnüşli bolup bilýärler: gaýnaglama keselleri, gözüň şikesleri, distrofiki üýtgemeler we olaryň gaýra üzülmeleri, dürli derejedäki waskulýarizasiýa, perforasiýa hadysalary. Geçirilýän bejerginiň kynçylyklary we köplenç, bejerginiň netijesiz bolmagy gözüň buýnuz bardasyna dürli faktorlaryň täsirinde onuň regenerasiýasy bilen bagly meseläniň wajyplygyny şertlendirýär.

Buýnuz bardanyň bütewiliginiň dikelmeginde onuň öňki epiteliý gatlagy wajyp orunlaryň birini eýeleýär. Buýnuz bardanyň reparatiw hadysasynyň dowamynda öňki epiteliýanyň morfofunksional üýtgemeleri baradaky maglumatlaryň ýeterlikli däldigi, patogenetiki esaslandyrylan bejergi usullaryň işlenip taýýarlanylmazlygy öňki epiteliýanyň regenerasiýadaky ähmiýetiniň öwrenilmeginiň zerurlygyny esaslandyrýar.

Aýjemal ORAZALYÝEWA, Perhat ÖWEZGYLYJOW, Gülnabat TOŞŞIÝEWA, Gohar PETROWA, Merdan SÜLEÝMANOW
M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň Ylmy-barlag merkezi, patologik anatomiýa, kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedralary, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy
Beýleki habarlar