Göwrelilik – zenan bedeninde bolup geçýän hem-de göwredäki çaganyň kadaly ösmegini we dünýä inmegini üpjün edýän kadaly fiziologiki hadysadyr. Göwrelilik döwründe birnäçe ýüze çykýan özgermeler enäniň we göwredäki ösüp barýan çaganyň arasynda sazlaşykly arabaglanyşygy döretmäge gönükdirilendir, bu fiziologiki özgermeleriň derejesi bolsa, göwreliligiň möhletine we göwredäki çaganyň agramyna bagly bolup durýar [1, 6]. Bu uýgunlaşma häsiýetli üýtgemeler düwünçegiň ösmegine we kämilleşmegine has amatly şertleri döredip, zenan bedeniniň göwrelilige kadaly uýgunlaşýandygyny şöhlelendirýär [2, 5, 7].
Belli bolşy ýaly, esasy iýmit maddalar boýunça sazlaşdyrylan rejeli iýmitlenme adam bedeniniň uýgunlaşma mümkinçiliklerini üpjün edýän esasy faktorlaryň biri bolup çykyş edýär [12]. Şonuň üçin göwreli zenanlaryň iýmitlenme statusyna baglylykda, bedeniň funksional ýagdaýynyň öwrenilmegi alymlar tarapyndan uly gyzyklanma döredýär [9, 10]. Muňa garamazdan, ylmy edebiýatda dürli (ýokumlygy pes, adaty, ýokary) iýmitleniş tertibindäki göwreli zenanlaryň bedeniniň uýgunlaşma we ätiýaçlyk mümkinçiliklerine täsir edýän alimentar faktorlaryna bagyşlanan makalalar tapylmady. Bu ylmy gözlegleriň Türkmenistanda hem geçirilmändigi ylmy işiň alnyp barylmagyna ýardam berdi.