Reproduktiw ýaşdaky aýallaryň ýumurtgalyklarynyň patologiýalarynyň ýygylygy

29 Iýul 2023
1291

Häzirki zaman ginekologiýasynyň iň derwaýys meseleleriniň biri, ýumurtgalyklaryň howply täze döremelerden öňki ýagdaýlary we howply däl täze döremelerini reproduktiw ýaşyndaky aýallarda öz wagtynda anyklamakdyr [2]. Keseliň başlangyç döwürlerinde alamatsyz geçýändigini we doly anyklaýyş algoritimleriniň ýoklugyny göz öňünde tutsak, köplenç, bu patologik ýagdaýlar irki döwürde ýüze çykarylmaýar we bejergi agza aýyrmak operasiýalary arkaly amala aşyrylýar, bu bolsa diňe bir lukmançylyk meselesi bolman, eýsem, sosial ähmiýetli mesele bolup durýar [4, 5, 8, 11]. Häzirki wagtda ginekologik keselleriň düzüminde reproduktiw bozulmalaryň öňüni almak we azaltmak maksady bilen alymlar tarapyndan iň amatly usullaryň işlenip düzülmegi işjeň alnyp barylýar [3, 7]. Ýumurtgalyklaryň täze döremeleriniň morfologiki alamatlarynyň giň gerimini we bu patologiýanyň, köplenç, oňaýsyz netijeliligini göz öňünde tutup, kesel kesgitlemesini irki döwürlerde takyklamak, bolaýjak gaýra üzülmeleriň töwekgelçiligini we keseliň geçişiniň dinamikasyny çaklamak zerurlygy möhüm mesele bolup galýar. Ýumurtgalyklaryň keselleriniň ýygylygy we giňden ýaýranlygy häzirki zaman lukmançylygynyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Ýumurtgalyklaryň täze döremeleri özleriniň morfologiki gurluşy we gistogenezi boýunça köpdürli bolýarlar, bu bolsa olaryň soňky kiliniki akymyny we bolaýjak netijelerini kesgitleýär [9, 14].

Ýumurtgalyklaryň howpsuz täze döremeleri bejergiden soň oňaýly netijelere getirýär, howply täze döremeleri bolsa has agressiw akymly bolup, metastazlaryň emele gelmek howpy ýokary bolýar [10]. Howply täze döremeleriň arasynda ýumurtgalyklaryň kanserinden ölümçilik 5-nji orunda durýar, şonuň bilen birlikde 1 ýyllyk ölümçiligiň derejesi 35%-e deň [13, 14]. Kliniki taýdan oňaýly ahyrky netije çaklamalary we agza saklaýjy bejergini ulanmaklyga mümkinçiligi bolan reproduktiw ýaşyndaky aýallarda ýumurtgalyklaryň köpdürli täze döremeleriniň arasynda «aralyk täze döremeleri» atly ýörite täze döremeler topary özüne uly ünsi çekýär. BSGG-niň klassifikasiýasyna laýyklykda, ýumurtgalyklaryň bu täze döremelerini «aralyk/atipiki proliferatiw» diýip atlandyrmak hödürlendi [1, 6]. Ylmy edebiýatlaryň maglumatlaryna görä, bu täze döremeleriň köpüsi (ähli täze döremeleriň 75-80%-i) howply däl hasap edilýär, ortaça bularyň paýyna täze döremeleriň 20-25%-i düşýär [12]. Häzirki zaman ginekologiýasynyň iň möhüm meseleleriniň biri, ýumurtgalyklardaky täze döremelerini näsaglaryň ýaş aýratynlygyna baglylykda öwrenilmegi bolup durýar. Ortaça ýaşy boýunça seroz karsinomaly näsaglar bilen deňeşdirilende, aralyk seroz täze döremeleri bolan näsaglar ýaş bolýarlar. Soňky ýyllarda ýumurtgalyklarda neoplaziýa hadysasynyň anyklanylyşynda käbir üstünlikleriň gazanylandygyna garamazdan, ýurtdaky edebiýatlarda bu mesele ýeterlik derejede aýdyňlaşdyrylmaýar.

Bazar HALMEDOW, Gülnabat TOŞŞIÝEWA, Jeýhun HEMRAÝEWA
M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň patologik anatomiýa, adam anatomiýasy, topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedralary
Beýleki habarlar