Semşat SERDAROWA, Aýgözel GUDRATULLAÝEWA
Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Göz kesellerini bejeriş halkara merkezi,
Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi
Daş taraplaýyn göz çaşylygy köp halatlarda doga ýa-da dogrumdan soňky irki döwürde dörän miopiýa sebäpli ýüze çykýar. Miopik refraksiýasy bilen utgaşýan daş taraplaýyn göz çaşylygynda, esasan, äýnek bilen optiki korreksiýa ulanylýar [1, 2]. Äýnek we kontakt linzalary arkaly optiki korreksiýa gözüň görüş ýitiligini artdyrýar we göz bäbenegiň kadaly ýerleşmegi hem-de akkomodasion göz çaşylygyň öňüni almak üçin amatly şertleri döredýär [1, 3, 4]. Optiki korreksiýanyň adaty görnüşlerini ulanmakdan saklanylan halatynda gözüň görüş ýitiligi peselýär, göz çaşylygynyň burçy artýar, ambliopiýa güýçlenýär.