Ýanykdan soňky uzak wagtlap bitmeýän ýaralary bejermegiň häzirkizaman usullary

9 Fewral 2023
1320

Uzak wagtlap bitmeýän ýaralar (ýanyklar) bütin dünýäde häzirki zaman hirurgiýasynyň we kombustiologiýanyň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar. Adatça, gelip çykyşy boýunça «aýratyn etiologiýaly» (ýanygyň, aterosklerozyň, süýjüli diabetiň, birleşdiriji dokumalaryň keselleriniň, şöhle keseliniň fonunda dörän, şeýle hem infeksiýa, dowamly basyş we gormonlaryň ulanylmagy sebäpli dowam eden) we bularyň netijesinde uzak wagtlap bitmeýän ýaralar – dowamly ýaralar hasaplanylýar. Dokumalaryň reparasiýasyna bagyşlanan Ýewropa jemgyýetiniň ýörite maslahatynda «Dowamly ýara diýip, ýaranyň ýerleşýän ýeri we görnüşi boýunça meňzeş ýaradan bitmeli kadaly wagt ölçegi boýunça has haýal ýa-da pes bitýän ýaralara aýdylýar» diýip kesgitlendi [5]. Amalyýetde bolsa dowamly ýara diýlip, 4 hepdeden köp bitişme alamatlary ýüze çykmaýan haýal ýaralara aýdylýar (muňa işjeň reparasiýa alamatlary bolan giňişleýin ýara deffektleri degişli däl) [6]. Häzirki wagtda amaly lukmançylykda şu ýaralaryň birnäçe atlary ulanylýar: trofiki ýara, bitmeýän ýa-da haýal bitýän ýara, örän seýrek bolsa – dowamly ýara, daşary ýurtlarda bolsa olara, köplenç, dowamly ýara diýilýär, örän seýrek bolsa bitmeýän ýara diýip atlandyrylýar (chronic or problem or nonhealing wounds).

Ýönekeý ýaralar bilen uzak wagtlap bitmeýän ýaralaryň aratapawudy uludyr. Ýönekeý ýaralar sagdyn adamlarda ýüze çykýar we ilkinji (iriňsiz) ýa-da ikilenji (iriňli) bitişmegi netijesinde ýapylýar we bitýär. Öýjük reparasiýanyň haýsy hem bolsa bir oňaýsyz täsirleriniň netijesinde, bozulmagy uzak wagtlap bitmeýän ýaralar emele gelýär. Gartaşan adamlarda (65 ýaşdan ýokary) ýanyk ýaralar ortaça 26 günde, ýaşlarda bolda 17 günde bitýär, munuň sebäbi ýaş adamlarda reparasiýa hadysalary gartaşan adamlara garaňda has çalt geçýär [2, 3]. Uzak wagtlap bitmeýän ýaralar, köplenç, ikilenji bitişmegiň netijesinde, diňe reparasiýa hadysasyna negatiw täsir edýän fon faktorlar aýrylanda bitýär, bu faktorlara dokumalaryň trofikasynyň bozulmagy, infeksiýa, alawlama hadysalary we ganyň lagtalanmak ulgamynda bolup geçýän bozulmalar degişlidir [1].

Akmyrat GYLYÇDURDYÝEW, Baýrammuhammet TEGELEKOW, Ýazgeldi BEKNAZAROW, Aleksandr TAGANOW, Gültäç ANNAÝEWA
M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň umumy hirurgiýa kafedrasy, Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi
Beýleki habarlar