Pigmentirlenen emzijekli-nodulýar sinowitiň ösüşine sitotoksik limfositleriň täsiri

9 Fewral 2023
996

Pigmentirlenen emzijekli-nodulýar sinowitiň (PENS) gelip çykyş tebigaty babatda gapma-garşylykly pikirler ýöredilýär. Käbir awtorlaryň pikirine görä, PENS-de gaýnaglama hadysasy barada gürrüň gidýändigine garamazdan, awtorlaryň aglaba bölegi bu keseli agressiw dargadyjy ýerli häsiýetli we gaýtalanmalara ýokary ukyply (50-70%) bolan neoplaziýalara degişli edýärler [3, 8, 10]. PENS-de sinowial öýjükleriň gözegçilik edip bolmaýan (kontrolsyz) üznüksiz proliferasiýa bilen utgaşýandygy aýdyň bolup galýar, özi hem bu proliferasiýany döredýän mehanizmler şu wagta çenli takyk belli däldir [9]. PENS-niň ýerli progressiýasy diňe öýjük inwaziýasynyň we öýjük daşky maddasynyň dargadylmagynyň hasabyna mümkin bolýar. Şeýle hadysalar dürli öýjük arabaglaşyklaryň, meselem, öýjükleriň adgeziýasynyň, olaryň migrasiýasynyň we soňra döreýän proteolitiki reaksiýalarynyň koordinasiýasyny talap edýär. Bu ýagdaý indiki ýagdaýlar bilen hem baglanyşyklydyr. Bu patologiýada neoplaziýa transformasiýasyna sezewar bolan bir ýadroly sinowiositleriň käbir funksiýalaryna garşy ýörite bejerginiň geçirilmegi durnukly oňyn täsir etmeýär we gaýtalanmalaryň sanynyň ekstremal ýokary bolmagy köp ýagdaýda bu bejeriş usulynyň ýeterlikli däldigini görkezýär [1, 2, 4].

Bu sinowiositleriň funksiýasynyň triggeri hökmünde beýleki öýjükleriň, meselem, limfositleriň ep-esli derejede täsir edip biljekdigini görkezýär. Destruktiw täsiriň üstüne, şeýle hem limfositleriň täsir edip bilýändigi barada aýratyn awtorlar öz pikirlerini öňe sürdüler [5]. Şeýle hem bolsa bu limfositleriň aýry görnüşleri (aýry fraksiýalary) we olaryň bu patologik hadysanyň ösüşine eýe bolýan orny göz öňünde tutulmady. Şular ýaly maglumatlaryň öwrenilmegi PENS-ni bejermek üçin patogenetik serişdeleri gözlemeklige itergi berýär.

Aman GELDIÝEW, Gohar PETROWA
Halkara okuw-ylmy merkezi, M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasy
Beýleki habarlar