Gartaşan ýaşly näsaglarda dowamly piýelonefritiň geçiş aýratynlyklary

9 Fewral 2023
1381

Dowamly piýelonefrit – böwrekleriň hususy däl, ýokançly alawlama keseli bolup, ol böwrekleriň parenhimasyny, esasan, interstisial dokumasyny, ýargaklary we okarajyklary zeperleýär [2, 6, 7]. Gartaşan ýaşly näsaglarda kesel bir we ikitaraplaýyn, ilkinji we ikilenji, gaýtalanýan we latent görnüşinde bolup bilýär. Ýaşyň ulalmagy bilen dowamly piýelonefritli erkek näsaglaryň sany köpelýär, bu gartaşan ýaşa mahsus bolýan ikilenji piýelonefrit bilen düşündirilýär (süýjüli diabetiň, peşew mäziniň howpsuz giperplaziýasynyň fonunda), ol, köplenç, latent görnüşinde geçýär [5, 6]. Dowamly piýelonefrit gartaşan ýaşly adamlaryň 15-25%-de ýüze çykýar [3, 4, 8]. Şeýle-de, gartaşan ýaşly adamlarda bedeniň umumy immunobiologiki reaktiwliginiň peselmegi bilen gorag güýçleri hem peselýär, bu bolsa diňe bir dowamly piýelonefritiň ýüze çykmagyna getirmän, bu ýaşda duş gelýän başga-da köp keselleriň ýüze çykmagyna getirip bilýär.

Işiň maksady – gartaşan ýaşly adamlarda dowamly piýelonefritiň az alamatly we latent geçişiniň häzirki zaman aýratynlyklarynyň jähtinde ony anyklamakdaky kynçylyklary öwrenmek.

Nazar GARRYÝEW, Çaryguly GARLYÝEW, Agamyrat PIROW, Gözel ÖWEZOWA, Jeren AMANOWA, Aýgözel AKMÄMMEDOWA, Muhammet MÄMMETÝAZOW, Mämmetgeldi GURBANOW
S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasy
Beýleki habarlar