Oba şertlerinde dermana durnukly öýken inçekeseliniň häzirki zaman anyklanyşy we bejerilişi

10 Dekabr 2022
1258

Dermana durnukly mikobakteriýalar tarapyndan döredilýän inçekesel häzirki wagtda dünýä derejesinde wajyp mesele bolup durýar. Edebiýat maglumatlaryna görä, inçekesele garşy dermanlara durnukly inçekesel mikobakteriýalaryny çykaryjy näsaglaryň sany ýyl-ýyldan köpelýär [5, 7, 8]. Dermana durnuklylygyň bolmagy näsaglaryň bejergisiniň möhletini uzaldýar, bejerginiň netijeliligini peseldýär [1, 11]. Türkmenistanda 2013-2018-nji ýyllarda geçirilen barlaglarda dermanlara durnuklylyk täze ýüze çykarylan ýagdaýlaryň 24%-de, gaýtadan bejerilen näsaglaryň 51%-de ýüze çykaryldy [2]. 2013-2015-nji ýyllarda Lebap welaýatynda köp dermanlara durnukly öýken inçekeselli näsaglaryň ýüze çykarylyşyna seljeriş geçirilende, dermanlara durnuklylyk anyklanylan öýken inçekeselli näsaglaryň 60%-de köpsanly dermana durnuklylyk ýüze çykaryldy [3]. Türkmenistanda inçekesele netijeli gözegçiligi üpjün etmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda dermana durnukly inçekesele garşy işleriň meýilnamalaýyn geçirilmegi göz öňünde tutulýar [4].

Işiň maksady – Lebap welaýatynyň oba şertlerinde inçekeseliň dermana durnukly görnüşleriniň ýygylygyny, strukturasyny öwrenmek, kliniki-rentgenologik aýratynlyklaryny kesgitlemek.

Mähri JÜMMIÝEWA
M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň inçekesel kafedrasy
Beýleki habarlar