Soňky wagtlarda ýokary tejribeli hünärmeni taýýarlamak bilen bir hatarda beden we ruhy taýdan sagdyn, ýokary sosial işjeňlikli, päk ahlakly we jogapkärli şahsyýeti terbiýelemek meselesinde ýokary okuw jaýynyň ähmiýetliligi barha ýokarlanýar. Ýaşlaryň saglygynyň berkidilmegi bolsa, olaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi häzirki döwürde Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri bolup durýar [1, 7].
Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerde, esasan hem lukmançylyk ýokary okuw jaýlarynda berilýän bilim dürli görnüşli okuw usulyýetleriniň ulanylmagynda sapaklaryň ýokary depginde geçirilýändigi, täze tilsimatlaryň okuw prosesinde ornaşdyrylýandygy bilen häsiýetlendirilýär. Hasap-synag döwürleri bolsa ünsüň jemlenilmegini, dykgat bilen pikirlenmegi, ýatlamak üçin bar güýjüniň toplanmagyny talap edýän has depginli döwürler bolup, informasion we emosional stressleriň döremegine getirýär. Şonuň üçin okuw ýetişigine, talyplaryň saglyk ýagdaýyna we ýylyň dowamyndaky keselleýjiligine täsir edýän esasy faktorlara emosional we fiziki ýüklenmeler, iýmitlenmegiň hili we onuň fiziologiki taýdan talabalaýyklygy degişli bolup durýar [3, 8, 9].