Dowamly holesistit – öt haltasynyň keseli bolup, ähli biliar ulgamynyň işiniň bozulmasy, öt daşlarynyň emele gelmegi, öt haltasynyň diwarlarynyň alawlamasy bilen häsiýetlenýär. Dowamly holesistitiň konserwatiw bejergisi üçin sintetiki derman serişdeleriniň giňişleýin görnüşleri, ýagny sulfanilamidler, antibiotikler, şeýle hem dermanlyk ösümlikleriň esasynda taýýarlanylan şireler, gerdejikler we kapsulalar ulanylýar (meselem, holosas, Bittner balzamy, LIW-52, allohol we başg.). Dowamly holesistitiň bejergisinde dermanlyk ösümlikleriň demlemeleri we şireleri, köplenç halatlarda özbaşdak bejergi görnüşinde giňden ulanylýar. Dowamly holesistitiň bejergisinde ulanylýan dermanlyk ösümlikleri, köplenç, spazmolitik, ödi bölüp çykaryjy, sowuklama garşy we sedatiw täsirli bolýarlar. Mekgejöweniň gulpagy, itburnuň miweleri, pižma, zirk we gurygül ulanylýar. Dowamly holesistitiň fitobejergisiniň uly bejeriş kuwwady bar we düýpli ylmy çemeleşmeleriň bolmagyny talap edýär [2, 3].
Ilkinji nobatda, näsagyň fitodermana bolan şahsy duýgurlygyny kesgitlemeli. Biz näsagyň fitodermana bolan şahsy duýgurlygyny kesgitlemegiň immunologiki usulyýetini işläp taýýarladyk. Ol fitodermanyň öt haltasynyň ereýän dokuma antigeniniň bolmagynda näsagyň ganyndaky leýkositleriň migrasiýa bolan ukyplylygynyň in vitro ýetirýän täsiriniň kesgitlenilmegine esaslanýar [4, 7]. Usulyýet dowamly holesistitde näsagyň anyk fitodermana bolan şahsy duýgurlygyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Eger fitoderman in vitro antigeniň bolmagynda leýkositleriň migrasiýasyny kadalaşdyrýan bolsa, onda ony şol näsagda ulanmagyň mümkinçiliginiň barlygyny görkezýär [5, 6]. Öt haltasynyň antigeniniň bolmagynda leýkositleriň migrasiýasynyň köpelýän ýa-da azalýan ýagdaýynda fitoderman ulanmak bolmaýar. Leýkositleriň migrasiýasynyň ýokarlanmagy öt haltasyndaky sowuklama hadysasyny beterleşdirip, öt bölüp çykaryjy ýollaryň diskineziýasyna getirip biler. Usulyýet ýönekeý we elýeterli bolup, gastroenterologlaryň has ünsli garaýşyna mynasyp bolýar.