Böwrek daş keseliniň häzirkizaman anyklaýyş usullary

14 Aprel 2021
3731

Böwrek daş keseli (BDK) örän giň ýaýran keselleriň hataryna girýär. Öz ýygylygy boýunça urologik keselleriň arasynda bu kesel peşew ýollarynyň alawlamasyndan soň, ikinji orunda durýar. Bu kesel ilatyň azyndan 3%-de duş gelýär we onun ýaýraýşy Ýer şarynyň dürli ýurtlarynda tapawutlanýar, mysal üçin, nefrolitiaz bilen keselleýjilik, ortaça Aziýada 1-5%-e, Ýewropada 5-9%-e, Demirgazyk Amerikada 13%-e we Saud Arabystanda 20%-e çenli we onuň ähli regionlarda köpelýändigi bellenýär [2, 4, 6-10]. Nefrolitiaz bilen ejir çekýän näsaglar urologiýa bölümleriniň näsaglarynyň 30-40%-ni düzýär. Kesel, köplenç, adamlaryň işe ukyply döwründe (30-50 ýaş) duş gelýär. Anyklanyşynda we bejerilişinde ýetilen uly sepgitlere garamazdan, bu kesel urologlaryň we umumy ugurda işleýän lukmanlaryň amaly işinde möhüm orny eýelemegi dowam edýär [2, 4, 5].

BDK-nyň anyklanylyşynda subýektiw we obýektiw, umumy kliniki usullar deslapky kesel kesgidini anyklamakda esasy maglumat beriji usullar bolmagynda galýar.

Mämmet ÇARYÝEW
M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň urologiýa okuwly fakultet hirurgiýasy kafedrasy
Beýleki habarlar