Zenan önelgesizliginiň ähli görnüşleriniň arasynda turba-peritoneal önelgesizligi 20-30% düzýär we dowamly genital alawlamalarynda ýygy duş gelýär. Bir gezek ýatgynyň goşundylarynyň alawlama hadysasy geçirilip, kämil bolmadyk bejergi we dikeldiş çäreleri bellenende 25-30%, iki sapar 45-50%, üç gezek geçirilen ýagdaýynda 70% önelgesizlige getirýär [6,7]. Bulardan başga hem kiçi çanaklykdaky, ýatgynyň boşlugyndaky geçirilen operasiýalar, kiçi çanaklykdaky sepleşmeler önelgesizligiň sebäpleri bolup bilýärler [8].
Turba-peritoneal önelgesizligiň bejergisi, esasan, hirurgiki ýol bilen geçirilýär, ýöne mahsus däl bejeriş usullary (fizio-, immunoterapiýa, enzimoterapiýa) netijeli bolup, bir ýylyň dowamynda ulanylýar. Bu bejerginiň netije bermedik ýagdaýlarynda hirurgiki bejeriş usullary geçirilýär. Bu çärelerden soň hem bir ýylyň dowamynda göwrelilik ýüze çykmasa, näsagda hirurgiki bejeriş usullary ulanylýar we ekstrakorporal tohumlandyrma usulyny geçirmeli bolýar [7, 8].