Psoriatiki artrit (PA) - deriniň we bogunlaryň zeperlenmegi bilen häsiýetlenýän dowamly keseldir [4, 13, 26]. PA seronegatiw spondiloartritleriň toparyna degişli bolup durýar. Psoriaz bilen ejir çekýän näsaglaryň, takmynan, 10-30%-de PA ýüze çykýar, köplenç, 30-50 ýaşly adamlarda bellenilýär [6, 18].
PA-nyň sebäbi doly öwrenilmedikdir. Keseliň ösmeginde immun ulgam bilen bir hatarda genetiki şertler belli bir orny tutýarlar [7, 14].