Ulgamlaýyn gyzylgurt keseli (UGGK) – sebäbi näbelli autoimmun kesel bolup, dokumalarda immunalawlama zeperlenmeleriň döremegine itergi berýän we olaryň funksiýasynyň bozulmagyna getirýän autoantitelalaryň köp mukdarda bölünip çykmagy we immunsazlaşygyň bozulmagy bilen baglanyşykly bolýan ýagdaýdyr [1, 6, 10].
Kesel özboluşly geçişiniň, netijesiniň, ýitileşme we kadalaşma döwürleriniň ýüze çykyşynyň, kliniki alamatlarynyň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar [2, 4, 11].