«Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olaryň döremeginiň garşysyna öňüni alyş, anyklaýyş çäreleriniň durmuşa ornaşdyrylmagyny döwrebap gurnamak boýunça birnäçe anyk çäreler bellenildi [1].
Ýüregiň işemiýa keseli (ÝIK) zähmete ukyply ilaty maýyplyga we ölümçilige alyp barýan esasy sebäpleriň biri bolup durýar. Lukmançylygyň täze ugry bolan interwension kardiologiýanyň ösmegi esasynda köp ýurtlarda ÝIK-den ölümçiligiň aýdyň peselmegi gazanyldy [4, 8]. Endowaskulýar tehnologiýalaryň ösmegi we öňe gitmegi ÝIK-li näsaglary bejermegiň alnyp barylmagynda has agressiw usullaryň ulanmagyna ýardam berýär, onuň geçirilmegine görkezmeleri bolsa gün-günden giňelýär. Koronar stentleriň amaly lukmançylyga ornaşdyrylmagy bejerginiň netijeli bolmagyna we endowaskulýar operasiýalary ýiti gaýra üzülmeleriň döremekliginiň az howpy bilen geçirilmegine mümkinçilik berdi [2, 3, 6]. Häzirki zaman tehnologiýalaryň kämilleşmegi koronar arteriýalarda geçirilýän endowaskulýar amallarda bejerginiň bolup biljek kanagatlanarsyz netijelerini, hatda ölümçiligi aradan aýyrmaýar [2, 5, 7]. Şu ýagdaýlar birnäçe dürli sebäpler, ýagny stentleriň biologiki aýratynlyklary, stenozlaryň morfologiýasy we başga faktorlar bilen düşündirilýär.