Ýürek işemiýa keseli (ÝIK) häzirki döwürde saglygy goraýyş ulgamynyň wajyp meseleleriniň biri bolup, onuň wagtynda we dogry anyklanylmagynyň, bejergi meýilnamasynyň kesgitlenilmeginiň orny örän uludyr. Gan keselleri, şol sanda hakyky polisitemiýa (HP) ÝIK-niň seýrek duş gelýän, ýöne ähmiýetli sebäpleriniň biri bolup durýar [1].
Daşary ýurt registrleriniň maglumatlaryna laýyklykda, HP bilen ilkinji keselçilik 100 müň adama 0,4-2,8 ýagdaýlarda duş gelýär. Köplenç, keseliň esasy ýüze çykmasy 50-70 ýaşlarda bellenilýär, emma oňa garamazdan, dürli ýaşdaky adamlarda, şol sanda ýaşlarda we çagalarda ýüze çykyp biler [2]. Keseliň geçişinde iki sindromy tapawutlandyrýarlar: gan emele gelmäniň üç ösüntgisiniň giperplaziýasy bilen şertlenen miýeloproliferatiw sindromy we aýlanýan eritrositleriň göwrüminiň köpelmegi bilen häsiýetlenýän pletoriki sindrom (pletora – grekçe doluganlylyk). Ol bolsa öz gezeginde gematokritiň ýokarlanmagyna, ganyň reologiki häsiýetleriniň üýtgemegine – ganyň şepbeşikliginiň ýokarlanmagyna, stazyň ýüze çykmagyna getirýär. Bu hadysalar bolsa, trombotiki gaýraüzülmeleriň ýüze çykmak howpuny ýokarlandyrýar, käbir halatlarda olar keseliň ilkinji ýüze çykmasy bolup, käbir halatlarda bolsa ölüme getirip biler [3].