Azyk önümleriniň düzümindäki transýaglaryň we duzuň mukdaryny kesgitlemek

11 Awgust 2021
1009

Ilatyň saglyk ýagdaýy ýurduň abadançylygynyň esasy görkezijileriniň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy maksady ilatyň saglygyny düýpgöter gowulandyrmak hem-de ilatyň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmakdyr. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak döwlet, durmuş-ykdysady we lukmançylyk çäreleriniň giň ulgamy bilen üpjün edilýär. Ilatyň arasynda keselçiligiň öňüni almak üçin adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, ýagny kadaly iýmitlenmegi, zyýanly endiklerden daşda durmagy, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly alyp barmagy, ruhy taýdan sagdynlygy, arassa howada işjeň hereket etmegi we sportuň görnüşleri bilen meşgullanmagy zerur hasaplanýar [1, 2].

Jemgyýetçilik saglygyny goramaklygyň esasy maksady – ýokanç däl keselleriň (ýürek-damar, süýjüli diabet, howply täze döremeler we dem alyş ýollarynyň dowamly keselleri) öňüni almak we esasy töwekgelçilik şertlerini (temmäkini we alkogolly içgileri ulanmak, nädogry iýmitlenmek, fiziki hereketsizlik, gipertoniýa, semizlik we daşky gurşawyň zyýanly şertleri) aradan aýyrmak bolup durýar [3, 8].

Bahargül MUHYÝEWA, Jumadurdy ANNANUROW, Roza ATAJANOWA, Aýsere ÇARYÝEWA
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasy
Beýleki habarlar