Ýurdumyzyň dürli ýokanç keseller görnüşindäki ýüze çykýan häzirkizaman howplaryň meselelerine taýýarlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň elmydama üns merkezinde saklanýar. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň göwrümini, geografiki ýerleşişini, syýahatçylyk pudagynyň ösüşini nazara alyp, şeýle hem ýurda howply ýokançlaryň getrilmeginiň öňüni almak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda degişli çäreler yzygiderli geçirilýär. Döwletimiziň hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy taýýarlygyny we bu babatda dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy we ol ýurduň degişli düzümleri tarapyndan ýerine ýetirilýär.
COVID-19 ýokanjynyň ýer ýüzünde ýaýraýyş depginini we onuň epidemiologiki monitoringini nazara alyp, 2020-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda biziň ýurdumyza ýokanjyň getirilmeginiň öňüni almak boýunça dessin çäreler geçirilip başlandy.