Çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak hem berkitmek şu günüň esasy meseleleriniň biridir.
Häzirki döwürde ýetginjek gyzlaryň umumy endokrin keselçiliginiň düzüminde gipotireoz esasy orny eýeleýär. Gipotireoz bilen bagly bozulmalar aýbaşynyň bozulmagyna, öňelgesizlige we wagtyndan öň dogrumlara getirip bilýär [8, 12]. Ýetginjek gyzlaryň pubertat kritiki döwürlerinde galkan şekilli mäziň işjeňliginiň üýtgemegi, tireoid hem-de reproduktiw ulgamlarynyň yşnyşykly arabaglanyşyklydygyny tassyklaýar [3, 9].