Türkmenistanda un önümçilik kärhanalarynda uny demir bilen baýlaşdyrmagyň görkezijileri

11 Awgust 2021
1070

«Saglyk» Döwlet maksatnamasyny tapgyrlaýyn durmuşa geçirip, ilatyň keselleýjilik derejesini peseltmek strategiýasyny alyp barmak arkaly, Türkmenistanda keselleriň köp görnüşleri doly ýa-da bölekleýin ýok edildi. Adam bedeninde demir ýetmezçiligi bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almak üçin, Türkmenistanda daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda azyk önümlerini, esasan hem uny baýlaşdyrmak boýunça birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirilýär [1].

Raýatlaryň saglygyny goramak üçin, Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) goldawy bilen, duzy ýodlaşdyrmak, uny demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrmak ýaly uly ähmiýetli öňüni alyş çäreleri üstünlikli amala aşyrylýar.

Annakerim ANNAMYRADOW
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy
Beýleki habarlar