Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe agzybirlik, jebislik, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýaly mukaddes ýörelgeleri hemra edinip, bedew bady bilen ösüşiň aýdyň belentliklerine barýan ata Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä dolýar. Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasady bilen eziz Diýarymyz günsaýyn gülläp ösýär. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyz bu gün pederlerimiziň arzuwlan ajaýyp döwründe beýik işlerden ruhlanyp gurýar, döredýär, öňe barýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli senenamamyzyň iň şanly seneleriniň biri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagymyzyň gününiň ählihalk baýramy türkmen halkynyň ruhy we demokratik ýörelgeleriniň dowamlylygyny özünde jemleýän baýram hökmünde uludan toýlanylýar.